Umumy häsiýetnama

Umumy häsiýetnama

Ahalteke bedewleri – Türkmenistanyň çäginde azyndan 5000 ýyl mundan ozal eldekleşdirlenligi taryhçylar we arheologlar tarapyndan tassyklanylýar. Bu bedewleriň kemala gelmeginde Köpetdagyň etegindäki düzlügiň howa şertleri möhüm rol oýnapdyr. Ýerli oturymly halk bu gymmatly häsiýetleri we alamatlary atlarda birin-birin ösdürmegiň, kämilleşdirmegiň sungat derejesindäki mekdebini döredipdir. Bedewleriň nirede we haçan eldekleşdirlenligi barada jedeller köp dowam edýär. Muňa garamazdan eldekileşdirilen bedewleriň ilkinji we iň gadymy wagt bilen seneleşdirilýän şekliniň Garadepeden (Artygyň golaýynda – b.e.öň IV müňýyllyk) tapylmagy möhüm delildir. Altyndepe we Ulugdepe harabaçylyklarynyň b.e. öň III müňýyllyga degişli gatlaklarynda atyň şekili, heýkelleri tapylypdyr. Şeýle hem, Gadymy Marguşyň b.e.öň III-II müňýyllygyna degişli Kelleli we Taip obalyklarynyň harabaçylygynda hem şeýle deliller tapylandyr.

 

Bu we birnäçe beýleki taryhy tapyndylar, biziň Ahalteke bedewlerimiziň taryhynyň diýseň uzak geçmişlere çenli ýetýändiginiň anyk alamaty bolup hyzmat edýär. Ahalteke bedewleri Gadymy Gündogaryň Hett, Assiriýa, Urartu, Müsür ýaly güýçli döwletlerinde meşhurlyk gazanypdyr. Belli atşynas W.O.Witt –iň aýtmagyna göra „Merkezi Aziýanyň bu ajaýyň münüw aty Assiriýanyň, Müsüriň beýik ussatlarynyň ölmez ýitmez eserlerinde şekillendirilip, bakylyga siňdi“. Aleksandr Makedonskiniň Busefal atly aty hem ajap nusaý atlaryndan bolmagy gaty ähtimaldyr.

 

Ahalteke bedewi beýleki birnäçe arassa ganly at tohumlarynyň pederi hasaplanýar. Eýranyň, Owganystanyň, Päkistanyň, Hindistanyň we beýleki gündogar ýurtlarynyň medeni atçylygynda tohumlarynyň gowlanmagyna uly goşant goşupdyr.

 

Ahalteke atynyň tohumyna diňe bir arap atlarynyň däl, beýleki tohumlardan bolan atlaryn hem gany garyşdyrylmandyr. Arassa ganly, gadymy Ahalteke at tohumy Iňlis Zorowbred atlarynyň hem pederi bolýanlygy baradaky çaklamalar bar.

 

Ahalteke atlarynyň iňlis atlaryndan tapawudy.

 

Ahalteke atlarynyň ýumşak, özboluşly ýörişleri bar. Iňlis çapuw atlary aýaklaryny ýokardan alyp tutuş göwresini silkip ýöreýän bolsa, Ahalteke atlary aýaklaryny ýerden gaty üzmän, akyp barýan mysaly çaýkanman ýöreýär. Ýerden çala göteren aýagyny uzadyp atyp, Ahalteke aty ýerdenem ýumşak göterilýär.

 

Başga ýurtlarda bolşy ýaly türkmenler atlaryny örä kowup, süri edip bakmandyrlar. Her at bir hojalykda diýen ýaly aýratyn idedilipdir.
Iýmine ýumurtga garylyp, owmaç bilen bakylan ahalteke „läliksiremän“ gaýta iň çydamly, ýyndam atlar bolup ýetişipdirler. Bu bolsa türkmen seýisçilik sungatynyň örän kämil bolandygynyň alamatydyr.

 

Dünýä meşhur Ahalteke bedewi, Dünýä Olimpiada cempiony – Absent (1952-1975)

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz „Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz“ atly kitabynda belläp geçişi ýaly: „Absent diňe bir öz atasynyň meşhurlygynyň derejesine ýetmän, eýsem ony has belentliklere galdyryp, dünýä atçylyk toplumynyň taryhyna girdi. Ol birbada Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde, ýagny Rimde (1960 ý.), Tokioda (1964 ý.) we Mehikoda (1968 ý.) ýeňiji bolup, on iki ýylyň dowamynda Olimpiýa birinjiligini saklady. Belli çapyksuwar Sergeý Filatow bilen ol dünýäni dyza çökerip, «XX asyryň bedewi» adyna mynasyp boldy. Atlaryň  bäsleşiginiň iň bir inçe görnüşlerinde Absende taý tapylmady, atly ýörişiň ýokary mekdebiniň iň ýokary görnüşi bolan passażda bolsa ol şeýle deňsiz-taýsyz hereketleri ýerine ýetirmegi öwrenip, hut şol görnüşde oňa ýadygärlik dikildi we biziň hakydamyzda ömürlik galdy.“

 

Bedew atyň aýratynlyklary

 

  • Başga haýwanyň agzyndan galan iými iýmeýär.
  • Bulanyk suw içýär. Dury suw içmeýänliginiň sebäbi suwda öz keşbini görüp ürkýär.
  • Bedew at ýiti görüjiligi bilen tapawutlanýar. Gürrüň etmeklerine görä, bedew at ümürli günde uzak aralykdan goýbereniňde öňüni kesip geçýän inçejik gyly görüp, şondan geçmän durýar.
  • Möjegiň aýak yzyny göreninde, dört aýagynyň üstünde doňup durmagy bedew atyň tapawutly häsiýetidir. Şonda at özüni derejesine ýetýär.
  • Üstüne münen adamyň erkine görä hereket edýär.
  • At gowy eşidýänligi, duýgurlygy, güýçli ys alşy, eýesini gowy tanaýanlygy bilen tapawutlanýar.

 

Ahalteke bedewiniň sypatlary

 

Ahalteke bedewi özünde şu dört sypaty jemleýändir: üç gysga, üç dury, üç uzyn, üç giň.

  • Üç dury: gözüniň dury bolmagy, derisiniň ýanyp durmagy, toýnaklarynyň ýalpyldap durmagy
  • Üç gysga: guýrugynyň, injiginiň we arkasynyň gysgalygy.
  • Üç uzyn: burnunyň, boýnunyň we öňki aýaklarynyň uzynlygy.
  • Üç giň: garnynyň içi, burnunyň deşigi we maňlaýynyň giň bolmagy.

 

Öz köküni iň gadymy taryhlardan alyp gelýän bu ajaýyp at tohumy elbetde häzirki zaman dünýäniň şu günlerinde hem öz meşhurlygyny ýitirmeýär. „Ahalteke Bedewiniň Dostlary“ Bolgar Jemgyýetinden başga-da, häzirki wagtda ABŞ-da, Russiýada we başga döwletlerde bu behişti bedewlere bagyşlanan birnäçe jemgyýetler hyzmat edýärler.  

 

Adylhan