Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy

 

 
 

 

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Şu günler Aşgabada ýörite gelen ýurdumyzyň sarpaly dosty — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu baýramçylygyň hormatly myhmany boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow aýlawa alyp barýan toplumyň ýodasyna düşdüler, onuň ugrunda dürli öwüşginli sergiler, konsert meýdançalary, halk döredijiliginiň, milli däp-dessurlaryň esasynda goýlan sahnalar ýaýbaňlandyryldy.

Soňra toplumyň çapuw ýodalarynda bolsa baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi we inçe aýakly ýyndam bedewler badalga nokadyndan öňe okdurylyp, dessine tizliklerini artdyrmak bilen, tomaşaçylaryň ünsüni özlerine çekdiler. Toýnaklaryň çalt-çaltdan urulýan dükürdileri söweşijileriň mähriban topragyny at üstünde mertlerçe goran örän alys döwürlerindäki ýaňy bolup eşidildi. Ýöne biziň günlerimizde ahalteke bedewleri parahatçylykly ýeňişler — sport, sirk we gözellik bäsleşikleri ugrunda güýç synanyşýarlar.

Dürli aralyklara jemi ýedi at çapyşyk geçirildi. Şolaryň her birine bedewleriň 12-si gatnaşdyryldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

1600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Kelete diýen dor at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi A.Bajamow, çapyksuwary K.Polaýew) bu uzaklygy 1 minut 50,2 sekuntda geçip, iň gowy wagty görkezdi. Ikinji orny Ýyldyzhan diýen gara at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi O.Annalyýew, çapyksuwary K.Nogaýew) eýeledi. Gahryman diýen dor at bolsa (Döwlet serhet gullugy, seýsi H.Gaýypnazarow, çapyksuwary H.Gurbanow) üçünji bolup geldi.

1600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bellenen menzili 1 minut 45,5 sekuntda geçen Aýhan diýen al ata (Döwlet migrasiýa gullugy, seýsi D.Taýlyýew, çapyksuwary S.Taýlyýew) taý tapylmady. Ikinji ýere Kuwwatly diýen gara at (eýesi B.Çaryýew, seýsi B.Begliýew, çapyksuwary D.Berdimämmedow) mynasyp boldy. Üçünji bolup pellehanadan Ýakymly diýen dor at (eýesi I.Gaýypow, seýsi O.Babalyýew, çapyksuwary P.Babalyýew) geçdi.

Üçünji çapyşyk hem 1600 metr aralyga geçirilip, onda 1 minut 50,2 sekunt wagt bilen birinji orny Garaýel diýen gara gysrak (eýesi A.Mansurow, seýsi G.Agamyradow, çapyksuwary B.Babajanow) eýeledi. Ikinji orna Akmonjuk diýen gara gysrak (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi M.Agamyradow, çapyksuwary A.Agamyradow) mynasyp boldy. Üçünji orny Baýyr diýen dor at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi M.Muhammedow, çapyksuwary Ş.Agamyradow) eýeledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

1800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda iň gowy wagt — 2 minut 00,2 sekunt bilen Parahat diýen gara at (Içeri işler ministrligi, seýsi Ö.Ýalkabow, çapyksuwary B.Begliýew) ilkinji bolup pellehanadan geçdi. Onuň bilen barabar diýen ýaly sähelçe yza galyp, Selbigyz diýen dor gysrak («Nurana bedew» hususy kärhanasy, seýsi D.Myratgulyýew, çapyksuwary I.Durdyýew) ikinji orny eýeledi. Aýkäbe atly al gysrak (Goranmak ministrligi, seýsi D.Saparow, çapyksuwary Y.Saparow) pellehanadan üçünji bolup geçdi.

Bäşinji çapyşyga goşulan bedewleriň 2200 metr aralyga güýç synanyşan ýaryşy, kiçi aralykda bolşy ýaly, dartgynly boldy. Bu çapyşykda arany aýdyň açyp, Turan atly akýal mele at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi Ş.Agamyradow, çapyksuwary B.Babaýew) ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2 minut 35,7 sekuntda geçdi. Şondan 3 sekunt geçenden soň, pellehana ikinji bolup, Mejnun diýen dor at (Ahalteke atçylyk toplumy, seýsi M.Muhammedow, çapyksuwary I.Atadurdyýew) geçdi. Onuň yz ýany bilen bolsa Germaw diýen dor at (Senagat we kommunikasiýa ministrligi, aty taýýarlan M.Öwezgeldiýew, çapyksuwary A.Çaryýew) üçünji orny eýeledi.

Soňky iki çapyşyk iň uzak bolan 2400 metr aralykda iň güýçli atlary kesgitledi. Altynjy çapyşykda birinji orny 2 minut 40,8 sekunt wagt bilen Baharly diýen gara at (Aşgabat şäher häkimligi, seýsi H.Durdyýew, çapyksuwary M.Seýidow) eýeledi. Ikinji orna Gujurly atly dor bedew (Aşgabat şäher häkimligi, seýsi H.Babalyýew, çapyksuwary B.Babalyýew) mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa Dordepel diýen dor at (Aşgabat şäher awtoýollar müdirligi, seýsi O.Babalyýew, çapyksuwary E.Babalyýew) eýeledi.

Jemleýji, ýedinji çapyşykda esasy ýaryş Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan bedewleriň arasynda ýaýbaňlandy. Iň oňat ýyndamlyk häsiýetlerini Dorgunan diýen dor at (seýsi M.Agamyradow, çapyksuwary B.Agamyradow) görkezdi. Ol bellenen aralygy 2 minut 48,3 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji orna Goşasakar diýen gyr at (seýsi A.Bajamow, çapyksuwary N.Annamyradow) mynasyp boldy. Gambar atly gara mele bedew (seýsi T.Pirmyradow, çapyksuwary B.Babaýew) bolsa pellehanadan üçünji bolup geçdi.

Soňra şu günki baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepde geçirilen uzak aralyga atly ýöriş hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatbahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

* * *

Ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler, konsertler tutuş ýurdumyz boýunça geçirildi.

 

turkmenportal.com
 
29.04.2019