Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Arşyň nepisligi” atly täze eseriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilen el hünäriniň ebedi gözelligi hakyndaky bu kitap milli Liderimiziň öz halkyna, çeper elli türkmen halyçylaryna, bu täsin sungatyň ýurdumyzdaky we dünýä ýüzündäki ähli muşdaklaryna ýene bir ajaýyp sowgady boldy. 

Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalarynda saklanýan surat eserleriniň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň eserleriniň sergisi guraldy. Sergide amaly-haşam sungatynyň haly önümleriniň, zergärlik bezeg şaýlarynyň, keramika sungatynyň ajaýyp nusgalary goýuldy. 

Kitap diwarlyklarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki döwri, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgerişlikler barada owadan bezelen neşirler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman edebiýaty görkezilipdir. Milli Liderimiziň “Arşyň nepisligi” atly täze kitaby sergide görnükli orunda ýerleşdirilipdir. 
 


Bu ýerde Türkmenistanyň ses ýazgylarynyň “Altyn gaznasyndan” türkmen bagşylarynyň çykyşlarynyň ýazgylary bilen, halk saz sungatynyň eserleri, iň oňat türkmen kinofilmleri we ýurdumyzyň teatrlarynyň sahna oýunlary, awtorlaryň özüniň we beýlekileriň ýerine ýetirmeginde çeper eserleriň çeper okalyşy, şeýle hem häzirki zaman estrada aýdymlary ýygnananlaryň dykgatyna hödürlenildi. 

Serginiň aýratyn bölegi öňde duran Aziada—2017-ä bagyşlanypdyr. Onda dürli ugurlar boýunça neşirler görkezilipdir. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary çaphana derejesinde neşir edilen “Arşyň nepisligi” atly kitaby türkmen halkynyň baý ruhy we maddy medeniýeti bolan deňsiz-taýsyz milli halyçylyk sungatyna bagyşlanypdyr. Ajaýyp bezelen bu neşir türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilipdir, bu bolsa dünýäniň dürli künjekleriniň giň okyjylar köpçüligi üçin onuň düşnükli bolmagyna ýardam berýär. 

Milli Liderimiziň täze kitabynda halyçylyk sungaty barada gyzykly gürrüň berliş usulynda türkmen halyçylyk sungatynyň taryhynda belli bolan ýagdaýlar we az öwrenilen sahypalar barada çuňňur pikir ýöredilýär. Neşirde halkymyzyň gymmatly mirasy bolan ajaýyp halylar hakynda gyzykly gürrüň berilýär. Bu kitap müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan täsin gözelligi saklanan ajaýyp milli sungatymyzyň dünýäsine syýahata çagyrýar. Kitapda milli Liderimiz öz pähim-paýhasy bilen türkmen halylarynyň göllerine siňdirilen çuňňur many-mazmuny örän inçelik bilen açyp görkezýär. 
 


Döwlet Baştutanymyzyň kitabyň giriş bölüminde, tehnologiýalaryň ösýän we ylmyň kämilleşýän döwründe milli mirasymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň mäkäm binýady bolmak bilen, ylham joşgunynyň çeşmesi bolup durýandygyny belleýär. “Ösen eýýamyň esasy wezipesi adamzadyň medeniýetinde orun alan ylym-bilimleriň, däp-dessurlaryň, gymmatly milli ýörelgeleriň, taryhy medeni-milli ýadygärlikleriň, halk döredijiliginiň asyl özeninden Zeminiň ähli halklarynyň geljege gönügen umumy maksatlaryny durmuşa geçirmekde ruhy goldaw berjek daýanç sütünini ýüze çykarmakdadyr. Meseläniň möhümdigi ol ýa-da beýleki bir gymmatlygyň haýsy etnosa degişlidigindenem ötri, onuň umumadamzat beýikligindäki ornuny aýdyňlaşdyrmakdadyr” diýip, döwlet Baştutanymyz “Arşyň nepisligi” kitabynyň hem şu maksatdan ugur alýandygyny nygtamak bilen belleýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseri “Ilden-ile aşan nusgalar”, “Gözellik dowamaty”, “Tebigylyk aýdymy”, “Haly—zynat”, “Hakyda we dowamat” atly baplary hem-de göýä, haly uçaryň üstünde döwürleriň we aralyklaryň içinden geçip , syýahat etmäge mümkinçilik berýän köp sanly ajaýyp suratlary öz içine alýar. 

Okyjyny köňül joşgunynyň geň-enaýy bir ülkesine äkidip, oňa halynyň döreýşiniň, onuň reňkleriniň we gölleriniň täsin syrlaryny açyp, gadym döwürlerde biziň ata-babalarymyzyň arzuw-hyýalyna adatdan daşary güýç beren jadyly nyşanlaryň ösüşini yzarlaýan bu kitabyň gürrüň beriş usulyny inçe duýgy hem-de ajaýyp şahyranalyk diýip häsiýetlendirmek bolar. Bu syýahat okyjylara tomusda epgekli Garagumda hem-de baharda lälezar ýaýlalarda, Köpetdagyň salkyn derelerinde, Amyderýanyň jülgelerinde, Gojaman Hazaryň kenarynda hem-de türkmen topragynyň beýleki ajaýyp ýerlerinde bolmaga mümkinçilik berýär. 
 


Bu görnüşleriň hemmesi türkmen halysynyň göllerinde şekillendirilipdir. Kitabyň awtorynyň aýdyşy ýaly, olary synlamagy başarmak gerek. Onsoň, deňiz tolkunlarynyň güwwüldisi, baglaryň ýapraklarynyň ygşyldysy, sähra şemalynyň şuwwuldysy hem-de ak alaňlaryň pessaý aýdymy gulagyňa geler. Çünki, mähriban topragymyzyň ähli aýratynlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini şöhlelendirýän türkmen halysynyň göllerine mahsus alamatlary ülkämiziň tebigaty emele getiripdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz kitabynda belleýşi ýaly, haly dokamak häzirki döwürde jemgyýetimiziň syýasy-ykdysady özgerişliklerine mynasyp goşantlaryny goşýan her bir türkmen zenanynyň arzuwydyr. Taryhyň ähli döwründe zenanlarymyz öý-ojagynyň abatlygyny saklap, maşgala gatnaşygynyň agzybirligini döredýär, çagalary terbiýeleýär, edermenlige we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň dokan halylaryny synlanyňda, halyçylaryň näzik kalbyny duýmak bolýar. Şonuň üçin hem halk arasynda “Halysy köp öýüň berekedi köp” diýen söz bar. Bu bolsa, wagtyň geçmegi bilen, türkmen halysynyň diňe bir gözellik nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bolçulygy hem aňladýandygyny görkezýär. 

Kitapda ilkinji haly dokan zenan hakynda rowaýat getirilýär. “Ol juda owadan, zyba görkli bolupdyr. Oňa seredenler özleriniň erklerini aldyrypdyrlar. Ol aýal Günüň şöhlelerinden ýol ýasap, asmana uçup gidenmişin. Ine, şol şöhlelerden erşini sepläp, argajyny baharyň gök baýyrlaryndan gatlap, çitimini ak reňkli kümüş säherlerden, sarysyny altyn çägeden çitip, ol zenan asmana ýol salyp gidenmişin. Şonuň üçinem türkmen halysynyň reňki çog gyzyl, sarysy Gün ýaly, agy hem säherler deýin owadan reňklidir”. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu rowaýaty ata-babalarymyz halynyň gudratyna ynananlary üçin döredipdirler. 
 


Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemläp, ynsan zehininiň çäksizligini aýdyň görkezýär. Halyçy zenanlaryň täsin ukyp-başarnygy dünýä ýüzüni haýran galdyrýar. Olar öz inçe hünäri bilen Türkmenistanyň gülläp ösmegine we şöhratynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň täze kitabynda häzirki zaman halylaryny dokamakda alty-ýedi reňkiň ulanylýandygyny belleýär. Gadymy golýazmalarda Oguz han öz nesillerine ýedi mirasy goýupdyr diýen maglumat bar. “Gudratly 7 sanda” älemgoşaryň ýedi reňki, ýedi sany saz notasy, älemiň ýedi gudraty, şeýle hem gündogarda gadymy döwürden bäri ýöredilýän we dünýä ýüzüne wagt ölçegi hökmünde ýaýran ýedi günlük hepde jemlenipdir. 

Döwlet Baştutanynyň eserinde türkmenleriň durmuşynda halynyň ähmiýetine, haly we haly önümlerini taýýarlamagyň usullaryna, olaryň bezeginiň ýörelgelerine we tilsimlerine, milli sungatlar, edebiýat, ýazuw bilen baglanyşygyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze neşir edilen kitaplaryň, şol sanda “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” we “Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň” uly ylmy ähmiýetini we gymmatyny belleýär hem-de geljekki nesil üçin türkmen diliniň leksiki köpdürlüligini aýawly saklamagyň wajypdygyny nygtaýar. 
 


Şeýle hem “Arşyň nepisligi” kitabynda arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň maglumatlary, taryhy senenamalardan we geçen asyrlaryň ýazuw çeşmelerinden alnan gyzykly maglumatlar getirilýär hem-de türkmen halysynyň dünýä sungatyna täsiri barada pikir ýöredilýär. 

Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň ýokary çeperçilik many-mazmuna we ussatlyga eýe bolan hakyky deňsiz-taýsyz sungat eserlerini haly dokamagyň ajaýyp merkezi bolan Türkmenistanda halkyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny dikeltmäge we mundan beýläk hem ösdürmäge örän uly şahsy goşandy hakynda aýtdylar. Ösüşiň uzak ýoluny geçip, beýik we baý taryhy medeni mirasly halkyň ruhy taýdan özboluşlylygynyň çeper şöhlelenmesi bolmak bilen, haly gölleri häzirki zaman Türkmenistanyň milli nyşanlarynyň biri bolup durýar. 

Şeýlelikde, täze neşir türkmen haly sungatynyň giň görnüşlerini özünde jemläp, şol bir wagtda hem halynyň many-mazmunynyň özboluşly ensiklopediýasy bolup durýar. 
 


Halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň ýüze çykmasyny özünde jemlän bu bahasyna ýetip bolmajak baýlyk tutuş dünýä medeniýetiniň wajyp genji-hazynasy bolup durýar. Ine, şu sebäpli hem özboluşly amaly-haşam sungaty, haly dokamagyň gadymy ýörelgeleri, milli nagyşlar hem-de zergärlik sungaty, başga sözler bilen aýtsak, Watanymyzyň medeniýetiniň “altyn gaznasy” döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary bilen gurşalandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu täsin sungatyň belentliklerine tarap taryhyň bäş müň ýyldan gowrak döwründe yzygiderli ösýän türkmen halyçylygynyň şöhratyny ebedileşdirjek “Arşyň nepisligi” atly düýpli eseri munuň ajaýyp mysaly bolup durýar. 
 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi