Türkmenistan milli Bedew baýramyny belleýär

Bedew baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan başlap, ol däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Şol baýramçylyga bagyşlanan çäreler bolsa ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar geçirilmegini birnäçe günläp dowam edýär.
Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, spektakllar, konsertler we elbetde, at sport bäsleşikleri geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýlan "Iň owadan Ahalteke Bedewi" atly gözellik bäsleşigi bolsa dabara has-da üýtgeşik täsir ýetirýär we ol her ýylyň Bedew baýramynda, Aşgabatda geçirilýär.
Geçen ýyl, ýagny 2015-nji ýylda, Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde açylan «Behişdi bedewler» atly sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan eksponatlaryň 150-ä golaýy görkezildi. Olaryň arasynda arhiw resminamalary we fotomateriallar, žiwopis eserleri, grafika we heýkeltaraşlyk işleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen haly pannolary, şeýle hem at esbaplarynyň, atlar üçin zergärlik bezegleriniň nusgalary, dürli sowgatlyklar gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýinde açylan «Tagty süleýmandyr üsti bedewiň» atly serginiň esasyny nusgalyk işler gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly metallardan, farfordan, hrustaldan, çeh aýnasyndan we dury däl aýnadan, agaçdan hem beýleki meteriallardan döredilen bedewleriň şekilleri we köp sanly beýleki zatlardyr.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi «Atdyr ýigidiň ganaty» diýen simwolik ady aldy. Onda ýurdumyzyň belli sungat ussatlarynyň žiwopisçileriň, grafikaçylaryň, heýkeltaraşlaryň häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda saklanýan tematiki işleri görkezilýär.
Bu ýyl, ýagny 2016-njy ýylyň Aprel aýynda bu owadan baýramçylyk ýene-de öz ornuny Aşgabatda tutar we oňa gatnaşyjylaryň kalbynda türkmen behişdi bedewleriniň gözelliginiň we asyllygynyň özboluşly täsirini galdyrar.
12.02.2016. Suratlar Kerri-Jo Stýuward tarapyndan
www.kerri-jo.com