Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna halkara sergi-ýarmarka guraldy

Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna halkara sergi-ýarmarka guraldy

 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarka açyldy.

Dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri ýygnan sergi hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegi, atçylyk ulgamynda işewür we ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, bedewleri ýetişdirmekde we ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Sergä gatnaşýan ýurtlaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Niderlandlar, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Argentina, Urugwaý, Awstraliýa, Malaýziýa, Mongoliýa, Polşa, Çehiýa, Azerbaýjan, Belarus, Moldowa, Ukraina, Gazagystan, Estoniýa we beýleki ýurtlar bar.
 
 



Ýöriteleşdirilen sergä gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi Söwda-senagat edarasynyň “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen bilelikde her ýyl geçirýän bu forumynyň ýokary abraýynyň nobatdaky gezek tassyklanmasy boldy.

Atçylyk pudagynyň, atçylyk sportunyň we syýahatçylygynyň wekilleri Türkmenistana dünýä belli ahalteke bedewleriniň watany, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň atçylyk jemgyýetine işjeň goşulýan ýurt hökmünde uly gyzyklanma bildirýärler. Şunda ýurdumyz pudagy ösdürmekde müňýyllyk milli däpleri döwrebap meýiller we tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylym we döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşyjylar hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ýurdumyzda zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanda geljekde hem ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, atly sport bäsleşiklerini, at üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak hem-de atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hemişe üns bereris diýip, Gutlagynda belledi.

Sergi zalynda ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de edaralary, welaýatlaryň wekilleri, paýtagtymyzyň iri muzeýleri we telekeçiler öz diwarlyklaryny görkezdiler.

Aşgabat sergisiniň ýokary dünýä ölçegini milli atçylyk assosiasiýalaryna we klublaryna wekilçilik edýän daşary ýurtly gatnaşyjylaryň, ýöriteleşdirilen gurluşyk we iri kompaniýalaryň, atçylyk üçin niýetlenen enjamlary we önümleri öndürijileriň, okuw-tälimçilik we sport guramalarynyň, weterinar klinikalarynyň, çeperçilik salonlarynyň we fotostudiýalaryň diwarlyklary aýdyň görkezdi.

Sergi ekspozisiýasy atçylyk senagatynyň ähli ugurlary: sport, tohum atlary ösdürmek, aýlaw işi, atçylyk şeýle hem atlar üçin harytlar — at esbaplary, iýmler we goşundylar, mallar üçin önümler bilen tanyşdyrdy.

Athanalar üçin enjamlar, at münmek üçin egin-eşikler, sportuň dürli görnüşleri üçin at esbaplary, deri we demir önümleri görkezilýän diwarlyklar seýisleriň we çapyksuwarlaryň ünsüni özüne çeker.

Belli daşary ýurt kompaniýalary atçylyk sport toplumlarynyň taslamasyny düzmek we enjamlaşdyrmak, atlary daşamak üçin ulaglary öndürmek we getirmek, bäsleşikleri guramak, atçylyk çärelerini media arkaly goldamak, şol sanda aýlawlardan ýa-da uzak aralyga atçylyk ýörişlerinden gepleşikleri guramak babatda hyzmatlary hödürlemek bilen bagly ekspozisiýalaryny görkezdiler. Pudak üçin işçileri taýýarlaýan hususy çapyksuwarlar klublary we hünärmentçilik okuw mekdepleri hem öz diwarlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Olaryň hatarynda atlar üçin iýmlik goşundylary we tebigy däri-dermanlary taýýarlaýan “Herbacon GmbH” nemes kompaniýasy, at münmek üçin egin-eşikleri we esbaplary öndürmek bilen meşgullanýan “Sum Enterprises” hindi kompaniýasy, weterinar önümlerini getirýän “Beleka” belarus firmasy we beýlekiler bar.

Serginiň türkmen bölegi baý mazmuny we özboluşlylygy bilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi — bölümde halk senetleriniň özboluşly “Gündogar bazary” hem ýerleşdirildi. Bu ýerde paýtagtymyzyň iri muzeýleriniň gaznalaryndan birleşen ýygyndylar görkezildi. Oňa milli halyçylyk we zergärçilik sungatynyň gadymy we häzirki zaman eserleri, çeper senetler, şeýle hem suratlar we heýkeller girdi.

Ýurdumyzyň kompaniýalary welaýatlarda pudagyň öňüni çekýän “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, şeýle-de çapyksuwarlary hem taýýarlaýan Milli sport we syýahatçylyk institutynyň dürli öwüşginli ekspozisiýalaryny görkezdi.

Hususy telekeçileriň, şol sanda halyçylyk we zergärçilik sungatynda ýöriteleşdirilen telekeçileriň diwarlyklary görnükli orun eýeledi. Türkmen suratkeşleriniň okgunlylygyň, güýjüň we gözelligiň özboluşly sazlaşygynyň beýany bolan ahalteke bedewiniň keşbini wasp edýän suratlary olaryň üstüni ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan, dünýäniň köp ýurdunda meşhurlyga eýe bolan kitaplary sergide aýratyn orun eýeledi.

Sergi bu ýere gelenlere atçylyk sportuny we syýahatçylygyny ösdürmek üçin ýurdumyzda açylýan mümkinçilikleri göz öňüne getirmäge kömek edýär.

Neşir önümleri: milli bedew toýlary, at çapyşyklary we sport çäreleri hakynda bukletler, broşýuralar we beýleki materiallar, şeýle hem wideofilmler gyzyklanma döretdi.

Halkara sergi-ýarmarka işini 27-nji aprelde tamamlar. Oňa gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanylan beýleki dabaralara hem gatnaşarlar.

 

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   26.04.2018