Türkmen bedewi

Türkmen bedewi

Türkmenistanyň çäginde azyndan 5000 ýyl mundan ozal atyň eldekileşdirilendigi taryhçylar, arheologlar tarapyndan tassyklanylýar. Bedewleriň kemala gelmeginde Köpetdagyň etegindäki düzlügiň howa şertleri möhüm rol oýnapdyr. Ýerli oturymly halk bu gymmatly häsiýetleri we alamatlary atlarda birin-birin ösdürmegiň, kämilleşdirmegiň sungat derejesindäki mekdebini döredipdirler.

 

Bedewleriň nirede we haçan eldekileşdirilendigi barada jedeller köp dowam edýär. Muňa garamazdan eldekileşdirilen atyň ilkinji we iň gadymy wagt bilen seneleşdirilýän şekliniň Garadepeden (Artygyň golaýynda – b.e.öň IV müňýyllyk) tapylmagy möhüm delildir. Altyndepe we Ulugdepe harabaçylyklarynyň b.e.öň III müňýyllyga degişli gatlaklarynda atyň şekilli heýkelleri tapylypdyr. Eldekileşdirilen atlaryň istihanlarynyň Gadymy Marguşyň b.e.öň III-II müňýyllyga degişli Kelleli we Taip obalyklarynyň harabaçylygynda hem tapylandyr.

 

 

 

2000-nji ýylda Goňurdepeden tapylan taý süňkleri şol döwürde bedewiň öýdekileşdirilendigine şaýatlyk edýär. Bu tapyndy häzirki güne çenli Merkezi Aziýada atyň eldekileşdirilmeginiň iň irki subutnamasydyr. Goňurdepeden tapylan jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar-bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahal-teke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki heýkeljik ýaly tapyndylar, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, b.e.öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär.

B.e.öň XIV asyrda Hett şalygynda atlary seýislemek hakyndaky meşhur traktat peýda bolýar, onuň manysy diňe XX asyryň başynda aýdyňlaşdyrylýar. Atşynaslaryň ykrar etmegine görä, ol ahal-teke bedewlerini seýislemekde türkmenleriň giňden ulanan tärlerini jikme-jik gaýtalaýar.

Ahal-teke bedewleri Gadymy Gündogaryň Hett, Assiriýa, Urartu, Müsür ýaly güýçli döwletlerinde meşhurlyk gazanypdyr. Belli atşynas W.O.Witt: “Merkezi Aziýanyň bu ajaýyp münüw aty Assiriýanyň, Müsüriň beýik ussatlarynyň ölmez-ýitmez eserlerinde şekillendirilip, bakylyga siňdi”. Aleksandr Makedonskiniň Busefal atly aty hem ajap nusaý atlaryndan bolmagy gaty ähtimaldyr.

Nusaý atlary

Nusaý hem  meşhur parfiýa bedewlerini kemala getiren gadymy ojakdyr. Her ýylda bu ýerden keramatly Mitranyň şanyna tutulan uly toýlara niýetläp Ahemeniler şalygyna 20 müň taý äkidilipdir.

Täze Nusaýdan tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapylandyr.

Gerodot (b.e.öňV asyr): “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”.

Strabon: “Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler”.

Baron K.Bode: “Teke atlarynyň gadymyýetde meşhur bolan Nusaý atlaryndan emele gelendigine şek-şüphe ýok; gadymy Nusaýyň özem, onuň töweregindäki şäher harabaçylygam häzirki teke türkmenleriniň mekanyna girýär”.

B.W.Kowalewskaýa: “B.e.öň I müňýyllygyň II ýarymynda Merkezi Aziýanyň atyň meşhurlygy olaryň ýaýran we ýaşaýan giňişliginiň çen-çäklerinden uzak ýerlere çykyp, ýunan taryhçylaryna hem serkerdelerine bir tarapdan, başga tarapdan bolsa Çynmaçyn hökümdarlaryna baryp ýetipdir. Deňsiz-taýsyz ajap nusaý atlary pars, parfiýa, baktriýa hökümdarlarynyň dabaraly ýörişlerini bezäpdir, olara atlanan sak atlylary ýeňilmezek pars esgerlerinden üstün çykmagy başarypdyr, arassa ganly bu behişdi janawerler Altaýyň hem Tuwalyň tire-taýpa birleşmeleriniň serdarlarynyň eýerleriniň aşagynda gezipdir, olaryň nurana keşbi Ýeniseýiň, Tuwanyň hem-de Fergananyň keramatly ýerlerinde haşamlanypdyr”.

Wegesisa (rimli awtor – IV asyr) nusaý atlary barada: “Bu atlar gyzgyn ganly, ýeňil gopýar, ýadamany bilenok. Olar diýseň çydamly, uzyn boýly, aýlawly hem owadan kellesi bar”.

Bedew atlar orta asyrlarda

Türkmen atlary Abbasy Halyflygynda-da meşhur bolupdyr. Halyflygyň goşunynda saýlama türkmen atlylary bolupdyr.

Marko Polonyň ýazgylarynda türkmen atlarynyň Hindistana satylandygy barada aýdylyp geçilýär.

Arap awtory al-Şahyz IX asyrda türkmenler dogrusynda şeýle ýazypdyr: “Eger sen türküň ömrüni boýdan-başa gulaçlap, onuň ýaşan günlerini hasaplasaň, onuň ýerde duran wagtyndan atyň gerşinde geçirenine has köpdügine anyk göz ýetirersiň”.

Al-Şuzjany: “Gaznaly hökümdarlarynyň gullugynda duran türkmen atly esger silkme telpegini bir ýana agdaryp, at çapdyryp, gabak atdyryp, özüniň taýsyz ezberligi, güýç-gaýraty hem ussat çapyksuwarlyk sungaty bilen hem eýran, hem turan goşunlaryny haýran galdyrýardy”.

Atlaryň döreýişi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenilişi, ýöreýiş görnüşleri, hassalyklary, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylan dermanlardyr-emleriň atlary, taýýarlanylyşy  we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklary öz içine alan, şeýle hem bedewiň bezeg şaý-esbaplary barada giňişleýin gürrüň berýän gymmatly orta asyr ylmy-edebi miraslarymyz bolan Baýtarnamalardan we beýleki çeşmelerden Seljuklaryň döwründe atçylyk meslegine uly üns berlendiginiň alamatydyr.

Täze tohum atlary adam döredip bilmeýär, diňe tebigat onun hötdesinden gelýär, adam bolsa ony kämilleşdirýär, Munuň şeýledigini ylym tassyklaýar.

Gadymy türkmen aty tebigatyň  peşgeşi boldy. Türkmenler ony daş-töwerege uýgunlaşan taýýar serişde hökmünde kabul etdiler.

Häzirki döwürde dünýäde 250 at tohumy hasaba alnandyr. Ahal-teke bedewi bolsa şolaryň iň gadymylarynyň biridir.

XVII asyrdan başlap gadymy ahal-teke atlarynyň abraýy arap atlaryna berildi. Alymlar kiçi, dykyz, uly bolmadyk kelleli arap atyndan, syrdamly, süňklek ahal-teke bedewiniň gelip çykmak mümkinçiligini iňkär edýärler.

Arassa ganly, iňlis çapuw atlarynyň döremegine gatnaşan, üç sany nesilbaşylaryň biri 1702-nji ýylda doglan “Darleý Arabian” jedelsiz ahal-teke atydyr. Ol atyň uzyn göwresi, satanlaklygy, uzyn aýaklary, uzyndan dik boýny, kiçi kellesi ahal-teke atlary bilen deňeşdireniňde çugdam görünýän tegelenip duran arap atlaryna asla meňzemeýär. Bu atyň daş sypaty ahal-teke aty bilen çala tanyşlygy bolan adama-da tüýs ahal-teke aty diýdirýär.

“XVIII asyryň ahyrlarynda şa aýaly Ýekaterina II sowgat üçin türkmen topragyndan bir at Peterburga getirilipdir. Ol at nähilidir bir ýol bilen biraz soň Awstriýa düşüpdir. Ol ýerde uzak wagtlap bu atyň tohumyny anyklap bilmändirler. Bu meseläni çözmek üçin bedew aty Berliniň weterinar mekdebine getiripdirler. Ol ýerde ondan ökde bar hasap edilmeýän, meşhur atşynas, Berliniň weterinar mekdebiniň professory Nauman aty gözden geçirip, ony getiren täjire ýüzlenipdir.

- Siz bu aty Damaskdan satyn aldym diýdiňizmi?

- Hawa, hawa professor.

- Siz ýalňyşýarsyňyz, araplarda beýle daýaw, altynsow mele atlar bolmaýar.

Uzaga çeken anyklamalardan soňra atyň Wena, ondanam Berline Russiýadan düşendigini professor kesgitläpdir. Emma beýle çynlakaý anyklamalardan gorkan täjirler aty Prussiýanyň patyşasyna gyssanmaç sowgat beripdirler. Patyşanyň köşgünde dabaraly kabul edişlik mahaly ýurduň beýleki täsinlikleri bilen bir hatarda ýaňky aty hem dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlara görkezipdirler. Näbelli bedew hemmeleri ünsüni özüne çekipdir. Onuň ýaldyraýan endamy altyn çaýylan mysaly öwüşgi atýardy. Türkiýeden gelen myhman bu üýtgeşik bedewi görüp “Türkmen aty” diýip gygyrypdyr. Şeýlelik bilen bedewiň tohumy baradaky syry açylyp, ol  “Türkmen aty” diýen ady hem alypdyr.

Ahal-teke atlary Eýranyň, Owganystanyň, Päkistanyň, Hindistanyň we beýleki gündogar ýurtlarynyň medeni atçylygynda tohumlarynyň gowlanmagyna uly goşant goşupdyr.

Ahal-teke atynyň tohumyna diňe bir arap atlarynyň däl beýleki tohumlardan bolan atlaryň hem gany garyşdyrylmandyr. Diňe XX asyryň başlarynda Türkmenistana iňlis atlaryndan üç-dört sanysy höwür üçin getirilipdir. Emma arassa ganly, gadymy ahal-teke at tohumyny diňe zaýalamakdan başga hiç bir netije bermejekdigi bilinip bu işiň öňi alnypdyr.

Ahal-teke atlarynyň iňlis atlaryndan tapawudy

Ahal-teke atlarynyň ýumşak, özboluşly ýörişleri bar. Iňlis çapuw atlary aýaklaryny ýokardan alyp tutuş göwresini silkip ýöreýän bolsa, ahal-teke atlary aýaklaryny ýerden gaty üzmän, akyp barýan mysaly çaýkanman ýöreýärler. Ýerden çala göteren aýagyny uzadyp atyp, ahal-teke aty ýerdenem ýumşak göterilýär.

Başga ýurtlarda bolşy ýaly türkmenler atlaryny örä kowup, süri edip bakmandyrlar. Her at bir hojalykda diýen ýaly aýratyn idedilipdir.

Iýmine ýumurtga garylyp, owmaç bilen bakylan ahal-teke atlary “läliksiremän” gaýta iň çydamly, ýyndam atlar bolup ýetişipdirler. Bu bolsa türkmen seýisçilik sungatynyň örän kämil bolandygynyň alamatydyr.

Bedew atyň aýratynlyklary

  • Başga haýwanyň agzyndan galan iými iýmeýär.
  • Bulanyk suw içýär. Dury suw içmeýänliginiň sebäbi suwda öz keşbini görüp ürkýär.
  • Bedew at ýiti görüjiligi bilen tapawutlanýar. Gürrüň etmeklerine görä, bedew at ümürli günde uzak aralykdan goýbereniňde öňüni kesip geçýän inçejik gyly görüp, şondan geçmän durýar.
  • Möjegiň aýak yzyny göreninde dört aýagynyň üstünde doňup durmagy bedew atyň tapawutly häsiýetidir. Şonda at özüni ýitirmek derejesine ýetýär.
  • Üstüne münen adamyň erkine görä hereket edýär.
  • At gowy eşidýänligi, duýgurlygy, güýçli ys alşy, eýesini gowy tanaýanlygy bilen tapawutlanýar.

Tohum atyň gowy sypatlary

Atyň gowusy özünde şu dört sypaty jemleýändir: üç gysga, üç dury, üç uzyn, üç giň.

  • Üç dury: gözüniň dury bolmagy, derisiniň ýanyp durmagy, toýnaklarynyň ýalpyldap durmagy.
  • Üç gysga: guýrugynyň, injiginiň we arkasynyň  gysgalygy.
  • Üç uzyn: burnunyň, boýnunyň we öňki aýaklarynyň uzynlygy.
  • Üç giň: garnynyň içi, burnunyň deşigi we maňlaýynyň giň bolmagy.

At esbaplary

Uýan – jylaw bilen birlikde atyň kellesine geýdirilýär, ol aty dolandyrmagy, ony gerekli ugra gönükdirmegi, aty saklamagy üçin gerekdir.

Eýer - atlynyň atyň üstünde rahat oturmagy, at hereket edýän wagty egilip bilmegi üçin gerekdir.

Çeki - eýer bilen birlikde adamyň aýagyny sazlaýar.

Gamçy - diýen etmedik ýagdaýynda erk etmek üçin gerek.

Nal – ýumşak metaldan ýasalýar. Nallar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin gerekdir. Şeýle hem nallar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär.