Russiýa Prezidenti Wladimir Putin Bahreýn Şasyna Ahalteke bedewini sowgat berdi

Russiýa Prezidenti Wladimir Putin Bahreýn Şasyna Ahalteke bedewini sowgat berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin (sag tarapda) we Bahreýn Şasy Hamad bin Isa Al Halifa duşuşykda öz sowgatlaryny çalyşdylar. Wladimir Putin Bahreýn Şasyna Hajybeg atly Ahalteke bedewini sowgat berdi. © Mihail Klimentiýew / Sputnik.

 

Dünýä liderleri üçin sowgat gowşurmak wajyp jogapkärçilikleriň biri bolup durýar, ýöne bu daşardan görnüşi ýaly gönümel iş däldir. Döwletara gatnaşyklary bilen bagly duşuşyklar köpeldigiçe sowgat saýlamak kynlaşýar – özboluşly aýratyn sowgat seçmek meselesi bolsa has hem agyrlaşýar.

Bahreýn Şasy Russiýa Prezidenti bilen gürrüňdeşlik geçirmek maksady bilen Soçi şäherine sapara geldi we elbetde, öz ýany bilen sowgat getirdi. Tebigy gymmatlyklara baý ýurduň baştutany Russiýanyň Prezidentine gymmat baha Damask polatyndan ýasalan metal gylyjyny sowgat berdi. Gylyjy ýasamak işine hut özüniň gatnaşandygyny Şa belläp geçdi. Gylyç öýüň içinde bezeg hökmünde ulanmak üçin diýseň owadan bir bezeg parçasy hasaplanýar.

 

 

 

Deňiz ýaka milletleriň ählisi özlerini bedewe bolan söýgüsi bilen dünýä tanadýar we Bahreýn Şasy olardan aýratynlyk görkezmeýär. Geçen ýylyň Maý aýynda ol hat-da ABŞ Prezidenti Barak Obama bilen meýilleşdirilen duşuşykdan ýüz öwrüp, Şa aýaly Elizabet II bilen bilelikde Birleşen Patyşalykda geçirilen at çapyşyk çärelerini synlamaga gatnaşdy.

 

 

Конь ахалтекинской породы по кличке Хаджибек (Фото: http://akhal-teke.net)

Ahalteke bedewi Hajybeg (Surat: http://akhal-teke.net)

 

 

Prezident Putiniň beren bu sowgady islendik bir at sowgady däl – bu bedew “Iň gowy tohum aty” baýragynyň 2 sapar ýeňijisi. Dört ýaşly Hajybeg – Ahalteke bedewi – ýyndamlygy, çydamlylygy we düşbiligi bilen dünýä tanalýar.

 

 

 

19.02.2016.                                                                                                                                                                                                                                                                                         www.rt.com.