Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu dynç güni asylly däbe öwrülen endigi boýunça deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerini görmek üçin Ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy. 

Türkmen halkynyň ajaýyp medeni mirasyny aýawly gorap saklamak, artdyrmak we dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek şu ýyl Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler bu babatda aýratyn orun eýeleýär. 

Milli Liderimiz atçylyk toplumynda çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen halyçylyk sungatyna, bu hünäriň nepis derejesine bagyşlanan kitabyny jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen zenanlarynyň zehinine, inçe senedine bagyşlanan “Arşyň nepisligi” atly kitabyny Türkmen halysynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýazyp gutarmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. 

Türkmen halkynyň inçeden nepis sungaty bolup, umumadamzat medeniýetiniň hazynasyny baýlaşdyran türkmen halylarynyň dünýä ýüzündäki abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli halyçylyk sungaty baradaky oý-pikirlerini, halyçylyga degişli gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu kitap türkmen halky we giň okyjylar köpçüligi üçin mynasyp sowgada öwrüler. 

Mälim bolşy ýaly, türkmen haly gölleri Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň möhüm bölegini düzýär, munuň özi ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär. Ajaýyp haly önümleri çeper elli türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň we ylhamynyň miwesi bolan gudratdyr. Amaly-haşam sungatynyň ykrar edilen naýbaşy senedi bolup, ählumumy ykrarnama eýe boldy. Örän nepis ussatlygy talap edýän bu çylşyrymly sungatyň syrlary gadymy döwürlerden bäri köp asyrlaryň dowamynda halyçylaryň nesilden nesle geçirýän senedi bolup durýar hem-de olar ony biziň döwrümize çenli getirdiler. 

Milli Liderimiziň ruhy we maddy medeniýetiň gadymy ýörelgelerini artdyrmak baradaky aýratyn tagallalary netijesinde türkmen halysy häzirki wagtda hem dünýäniň ähli künjeklerinde sungat eseriniň ajaýyp nusgasy hökmünde şöhratyny saklap gelýär. Muňa bu täsin sungatyň muşdaklarynyň biziň ýurdumyzda hem, dünýäniň ähli ýurtlarynda hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çeper elli zenanlaryň ylhamyndan dörän türkmen halylarynyň baky gözelligi hakynda «Janly rowaýat» atly öň neşir edilen kitabynyň uly meşhurlykdan peýdalanýandygy aýdyň subutnama bolup hyzmat edýär... 

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ezber çapyksuwar, behişdi bedewleriň gadyr-gymmatyny bilýän çyn muşdagy bolmak bilen, özüniň işiniň kändigine garamazdan bedewler bilen didarlaşmaga hem-de at çapmak ussatlygyny has-da kämilleşdirmäge wagt tapýar. Biziň hemmämiz ençeme gezek haýran galmak bilen hormatly Prezidentimiziň ezber çapyksuwardygynyň şaýady bolduk. Şeýle pursatlarda türkmenistanlylaryň kalby öz Liderine buýsançdan dolýar. Hormatly Prezidentimiz öňdengörüji syýasatçynyň pähimliligi bilen mähriban Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýar. Watanymyzyň batly depginler bilen ösüşini uzak-uzak menzilleri ynamly ýeňip, wagtdan ozup geçýän ahalteke bedewiniň tizligine deňemek bolar. 

Ynha, bu gün hem hormatly Prezidentimiz özüniň Miras atly bedewi bilen birnäçe pursatlyk wagt geçirmek üçin atçylyk sport toplumyna geldi. At uzakdan öz eýesini görüp, özleri barada edilýän alada üçin ahalteke bedewleriniň hoşallygyny mälim edýän deýin, batly ses bilen şadyýan kişňedi. Az wagtlap «sözsüz gepleşen» çapyksuwar bilen at hakyky dostlar kimin birek-birege doly düşünýärler. Milli Liderimiz Mirasa atlanyp, at üstünde oýunlaryň ýeterlik derejede çylşyrymly maşklaryny ýeňillik bilen ýerine ýetirýär. 

Düşümli we Gaýduwsyz diýen atlaryň neslinden bolup, Ýel nesil ugruny dowam edýän bu mele at, aprel aýynda geçen Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslary tarapyndan ýurdumyzyň atçylyk ulgamynyň ösdürilmegi barada aladasy üçin çäksiz hoşallyklarynyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza sowgat berlipdi. 

Ahalteke atçylyk toplumynda bolan uly toýda, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mirasa atlanyp, dabaraly atly ýörişiň başyny çekdi. 

Hormat aýlawyny ýerine ýetirip, döwlet Baştutanymyz atçylyk sport çäreleri üçin meýdançanyň golaýynda gurlan ak öýleriň biriniň ýanynda badyny gowşatdy. Bu ýerde gurlan emeli türkmen obasynda folklor, tans toparlarynyň agzalary, türkmen halkynyň dürli däp-dessurlary, baýramçylyk edim-gylymlary hem-de şadyýan sahnalar bilen baýlaşdyrylan ajaýyp etnografiýa çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. 

Milli Liderimiziň bu gözel görnüşleri synlap duran pursadynda asmanda ak kepderileriň sürüsi peýda boldy. Parahatçylygyň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň nyşany hasaplanýan 25 sany ajaýyp ak kepderi, ýene ýarym ýyldan belleniljek şanly senäni, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny şöhlelendirýär. Ak kepderileriň biri milli Liderimiziň egnine gondy. Bu ýere ýygnanan adamlar muny ýagşylyga ýordular hem-de döwlet Baştutanymyzyň mähriban halkymyzyň bähbidine öňde goýan beýik maksatlarynyň üstünlikli amala aşyryljakdygynyň alamatyny gördüler. 

At asyrlarboýy, «behişdi bedewlerine” buýsanýan türkmen halkynyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Ata-babalarymyz halk döredijiliginiň aýdym, dessan, rowaýat, atalar sözi ýaly genji-hazynasyny nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Olarda, köplenç halatda adam mertebesiniň özboluşly terezisi bolup hyzmat edýän bedew atyň keşbi, oňa türkmenleriň garaýşy köp mazmunly görnüşde, örän täsirli hem giňden suratlandyrylypdyr. Muňa «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Atym bar — ganatym bar», «Ýüwrük atyň belli bahasy bolmaz» ýaly il içinde meşhur nakyllar aýdyň şaýatlyk edýär. 

Türkmenler ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerine mähirlerini siňdirip, baş öwredipdirler. Olaryň ajaýyp sypatlaryny saklap kämilleşdiripdirler. Bedewlerimize mahsus bolan ýüpek deý öwsüp duran reňki, olaryň gelşikli hem-de nepis kamaty, göýä, uçup barýan guş ýaly ýeňilden ýüwrük gopuşy, şeýle hem egsilmez gujur-gaýraty özleriniň ýeňil bolmadyk hysyrdyly işlerinde belent derejelere ýeten tutanýerli seýislerimiziň, zähmetsöýer atşynaslarymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesidir. 

Ahalteke atlarynyň şöhratynyň hiç haçan peselmän, gaýtam ony bary-ýogy ýekeje gezek gören adamy özüne bendiwan etmek bilen, wagtyň emrini özüne tabyn edip gitdigiçe beýgeljegini wagt görkezdi. Çünki adaty bolmadyk ýyndamlygyndan hem-de haýran galaýmaly çydamlylygyndan başga hem türkmen bedewi özüniň gözelligi bilen özüne bendi edýär. Ussat zergärler tarapyndan taýýarlanan, bezemen eýer-esbap salnan, eýerlenip märekäniň öňüne çykarylan bedew has-da aklyňy haýran edýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň bedewlerine bolan söýgüsini ýüregine ýakyn tutup, ahalteke tohum atlarynyň abraý-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürip, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Türkmenistanyň Prezidenti bu asylly işe öz köňül joşgunyny hem bagyşlaýar. Muňa onuň «Ahalteke bedewi— biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly belli kitaby hem şaýatlyk edýär. Köp dillere terjime edilen bu kitap atçylyk boýunça hünärmenleriň arasynda uly meşhurlyga eýedir. 

Atşynaslyk sungaty bilen baglanyşykly türkmen halkynyň baý medeni miraslaryny, gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we saklamak meseleleri elmydama döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugur boýunça ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ýeňil bolmadyk toplumlaýyn işler beýleki bir ajaýyp kitabyň — «Ganatly bedewler» kitabynyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy. 

Bu ýyl bolsa Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen «Gadamy batly bedew» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu kitap diňe bir türkmenistanlylara däl, «ganatly» bedewleriň ähli muşdaklaryna baýramçylyk sowgady boldy. 

Ahalteke bedewi türkmen tebigatynyň we adamzadyň yhlasynyň döreden gudratydyr. Munuň özi milli Liderimiziň täze neşiriniň mazmunyny emele getirmek bilen türkmen halkynyň taryhynda we ruhy dessurynda ahalteke bedewiniň esasy orny eýeleýändigini äşgär edýär. Bu bolsa Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda has hem uly ähmiýete eýedir... 

Çapuw ýodasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa beýleki çapyksuwarlar hem goşuldy. 

At çapmagyň inçe tilsimlerini birkemsiz başarýan döwlet Baştutanymyz Mirasyň nesil daragtynyň beýleki hemme bedewlerine mahsus bolan ýüwrükligini ezberlik bilen ulandy. Ahalteke bedewi bat alansoň, göýä ýeri gyratlap uçýan guşy ýada saldy. 

Atlar çapuw ýodasynyň iň soňky öwrüminden göni ýola düşenlerinde, milli Liderimiz özüniň ýeňşe bolan ynamyny Mirasa hem geçirmegi başardy. At özüniň ezber çapyksuwarynyň maksada okgunlylygyndan, edermen häsiýetinden ruhlanyp, bar güýji bilen öňe okduryldy, beýleki atlaryň öňüne geçip, pellehana birinji bolup geldi. 1400 metr aralyk boýunça guralan bäsleşikde hormatly Prezidentimiz Miras atly bedewde ýeňiji bolmagy başardy. Milli Liderimiziň çapan Mirasy bellenilen aralygy 1 minut 37 sekuntda geçmegi başardy. Bu ýaryşda pellehanadan ikinji bolup geçen bedew bellenilen aralyga 1 minut 41 sekunt sarp etdi. Üçünji orna düşen bedewiň görkezen wagty bolsa 1 minut 42 sekunda deň boldy. 

Bu pursadyň belent mazmuna eýedigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň türkmen topragynda örän gadymy döwürlerde ösdürilip ýetişdirilen we baş öwredilen behişdi bedewlerimiziň adamzat siwilizasiýasynyň baýlygy bolup, dünýä ýüzünde arassa ganly atlaryň nusgalyk derejesi bolup durýanlygy barada aýdan sözlerini ýatlamak ýerliklidir. Eýesine çäksiz wepaly hem-de örän ýyndam ahalteke atlary türkmeniň buýsanjy we ýakyn dosty bolup, halkyň kalbynyň örki, uçar ganaty bolupdyr. 

Atçylyk toplumynda bolanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow athanadan ýene bir aty, Nusaý diýen bedewi çykardy. Döwlet Baştutanymyz ony eýerläp, onuň düşbülik bilen çapyksuwaryň emrini ýerine ýetirişini barlady. Türkmen bedewiniň özboluşlylygy, üýtgeşik düşbüligi çapyksuwardan diňe bir ýokary ussatlygy talap etmän, ondan ata inçelik bilen düşünmek ukybyny hem talap edýär. 

Soňra milli Liderimiz çapuw ýodasynda ýene bir gezek ata erk etmegiň ussatlygyny görkezdi. Bedew öz çapyksuwarynyň ähli ugrukdyryjy hereketlerine duýgurlyk bilen jogap berip, ähli tilsimleri birkemsiz ýerine ýetirdi. 

Nusaý diýen bu owadan syratly bedew döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary tarapyndan sowgat berilipdi. Bu sowgadyň üsti bilen welaýatyň ýaşaýjylary milli Liderimize milli atçylyk däpleri saklamak we täze derejelere çykarmak meselelerine örän uly üns berýändigi, hemmetaraplaýyn edýän aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. 

Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde atçylyk toplumlaryny, pudagyň ylmy we okuw binýadyny, atçylyk sport toparlaryny döretmäge durnukly gyzyklanma bildirilýänligi äşgär görünýär. Bu babatda netijeliligi asyrlaryň synagyndan geçen türkmen atşynaslygynyň, atlary seýislemegiň milli mekdebiniň däpleri hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler halk seçgiçileriniň döreden ahalteke bedewi ýaly sungatyň belent derejeli önümini dünýä diňe bir peşgeş bermek bilen çäklenmän, bu deňsiz-taýsyz bedewleriň ajaýyp sypatlary bilen arassa ganlylygyny saklamagy başardylar... 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedwyň başlangyjy boýunça atçylyk pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek, onuň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we at çapmagyň milli ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyrylýar. 

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bina edilen täze Halkara ahalteke atçylyk toplumy bu deňi-taýy bolmadyk işiň aýdyň mysaly bolup durýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşen toplumyň çäginiň giň meýdanynda auksion bölümi, okuw merkezi, 600 baş ata niýetlenen athana, tiz kömek bölümli weterinar gullugy, doping gözegçiligi bölümi, türgenleşik meýdançalary ýerleşýär. Bu toplumda işlejek atşynaslar üçin täze Aba Annaýew obasynda 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary guruldy. Bu ýerde ulag goýmak üçin täze jaýlar we mellek ýerleri göz öňünde tutulan iki gatly jaýlar, şeýle hem çagalar bagy, mekdep, hassahana, dükanlar we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalary guruldy. 

Şeýlelikde, Türkmenistan atçylyk pudagynda ykrar edilen dünýä merkezi, bedewlerimizdir çapyksuwar türgenlerimiz bolsa dürli ýurtlarda geçýän iri halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri bolýarlar. Sirk sungatynyň at üstündäki oýunlary boýunça hem ildeşlerimiz öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Muňa Russiýada (2013), Italiýada (2014), Hytaýda (2015) geçen halkara sirk gözden geçirilişlerde Gran-pri baýragyny eýelän meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp ýeňişleri şaýatlyk edýär. 

Tomaşaçylary täsin tilsimleri bilen haýran galdyrýan bu belli toparyň çykyşlary mahalynda çalasyn çapyksuwarlar hem-de syratly ýaş çapyksuwar gyzlar ajaýyp bedewlere atlanyp, gaýtalanmajak ussatlyklaryny görkezýärler. Olar atyň üstüne çykyp ýa-da çapyp barýan bedewiň aşagyndan geçip, ýene-de eýerde peýda bolýarlar, at arkasynda başaşak durup, uly tizlikde barýan atyň üstünde üç gatly piramidalary gurup, örän çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýärler... 

Nepis syratly, mahmal ýapylan deý ýalpyldap duran, göýä asmandan inen ýaly atlaryň uçaýsam diýip çapmaklary, bedewlere ýokary derejede tälim berlendigi çapyksuwarlaryň ezberlik bilen erk etmeklerinde birkemsiz hereket sazlaşygynda hasam oňat ýüze çykýar. Şeýle atçylyk sport çykyşlary daşary ýurtly tomaşaçylaryň ruhuny göterip, olarda haýran galdyrýan täsir döredýär. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda öz zähmetleri bilen, okgunly çapyp, hiç hili päsgelçilikleri bilmeýän bedewleri ýetişdirýän mähriban topragyň azatlygyny goran, edermen söweşijileriň, gaýduwsyz batyrlaryň, türkmen halkynyň taryhynyň sahypalaryna ajaýyp ýeňişleri ýazan meşhur serkerdeleriň münen bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrjak zehinli atşynaslaryň täze neslini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň häzirki wagtda öňegidişlikleriniň gözbaşynda milli taryhy tejribe, ata-babalarymyzyň mirasy ýatyr. Bu gün biz olardan pähim-paýhas hem-de gujur-gaýrat alýarys. Olar bizi täze özgerişliklere ruhlandyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji nobatda adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny berkitmekde iň oňat serişde bolan sporta aýratyn garaýşy Türkmenistan tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu syýasatyň maksady türkmenistanlylaryň durmuşyny hil taýdan ýokarlandyrmak, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, işiniň köpdügine garamazdan, bedenterbiýe bilen içgin meşgullanmaga wagt tapyp, sportuň dürli görnüşleri— at çapmak, welo we awtoýaryşlar, ylgaw, tennis we beýlekiler bilen meşgullanýar hem-de türkmen ýaşlaryna, ähli ildeşlerimize görelde görkezýär. 

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdi bilen, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup Aşgabada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň berilmegi hem döwletimiz tarapyndan saglygy goramak we sport ulgamy boýunça döwlet strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň hatarynda konkur hem bar. 

Mundan iki ýyl ozal, Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň ýanynda üsti ýapyk meýdançaly Okuw merkezi açyldy. Ol ýerde atçylyk sportunyň at çapyşygy, marafon, konkur we beýlekiler ýaly görnüşleri boýunça türgenleriň taýýarlygy amala aşyrylýar. Merkez multimediýa enjamlary, çapyksuwarlaryň türgenleşmegi üçin atyň ýerini tutujy enjamlar hem-de türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilendir. Şu ýylyň ýaz paslynda bolsa konkur bilen meşgullanmak we ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen açyk sport meýdançasy ulanylmaga berildi. Munuň netijesinde türkmen atçylary sportuň bu görnüşi boýunça Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek we üstünlikli çykyş etmek üçin ajaýyp desga eýe boldular. 

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz, Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen 5-nji maýda «Nusaý» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda 500 günlük atly ýörişe badalga berildi. Bu atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni ak mermerli paýtagtymyzda tamamlanar. Bu waka bilen bilelikde Aziada—2017-niň sagady wagty yzlygyna hasaplamaga başlady. 

Atly ýörişiň Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Nusaýyň ýanynda badalga almagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki hut şu ýerde, Köpetdag etegindäki ýaýlada türkmenler tarapyndan kämilligiň deňsiz-taýsyz derejesine ýetirilen ahalteke tohum atlary döräpdir. Ajaýyp ahalteke bedewleri gadym zamanlarda «Nusaý atlary» diýlip atlandyrylypdyr. 

Taryhy maglumatlarda bu şäher Mitridatkert diýen görnüşinde getirilýär, çünki ol Parfiýa döwletiniň görnükli hökümdary Mitridat tarapyndan gurlupdyr. 

2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Parfiýa galalarynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli alymlary onýyllyklaryň dowamynda ylmy-barlag işlerini alyp bardylar we antik döwrüniň taryhynyň köp pursatlaryny äşgär etdiler... Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Nusaýyň sungatynyň we binagärliginiň arşakid köşk äheňindedigini aňladýan nusgalar tapyldy. Olarda gündogaryň we günbataryň binagärlik däpleriniň özboluşly utgaşyklygy duýulýar. Türkmenistanyň medeni mirasynyň has-da aýdyň nyşanlarynyň birine öwrülen ritonlar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şol gadymy döwürlerde ahalteke atlary Nusaýyň golaýynda dag etegindäki ýaýlada ýerleşen gadymy Paryzdepe şäherinde hem ösdürilip ýetişdirilipdir. Onuň çäginde, gadymy gala desgalarynyň galyndylary bolan, birmahallar gülläp ösen şäher ýaşaýyş toplumlarynda, ýerasty geçelgelerde birnäçe tapyndylar, şol sanda keramiki önümleriň bölekleri we beýleki artefaktlar ýüze çykaryldy, olar taryh ylmy üçin uly gymmatlyga eýedir. Olaryň arasynda mis, daş eýýamynyň çakmak daşlary, keramiki gap-çanaklar, yşyklandyryjylar bar. Orta asyrlara degişli bişirilen kerpiçden ýasalan gapy diregleri, naýzalaryň uçlary, daşdan ýasalan gapy sütünleri, galla saklamak üçin iri göwrümli humlar we beýlekiler bar. 

Bu tapyndylar arheologlar tarapyndan gysga wagtyň dowamynda—şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Paryzdepe ýadygärligine gelip gören mahaly, degişli tabşyryklary berensoň ýüze çykaryldy. Ýörite sergide görkezmäge goýlan taryhy gymmatlyklaryň hatarynda milli Liderimiziň bu ýadygärlige ilkinji gezek gelen wagtynda ýüze çykaran reňkli çüýşe böleginiň bardygy aýratyn bellenilmelidir. Mundan başga-da, bu ilkinji tapyndy bu gadymy ýadygärligi öwrenmegiň täze tapgyrynda köp sanly taryhy gymmatlyklaryň ýüze çykarylmagyna ýol açdy. 

Paryzdepede ýüze çykarylan tapyndylaryň käbiri bu şäheriň gülläp ösen döwrüniň Beýik Seljuklaryň türkmen hökümdarlarynyň dolandyran eýýamyna gabat gelýär. Häzirki wagtda belli bolan çeşmelerde bu döwrüň IX-X asyrlara degişlidigi äşgär edilýär. Emma alymlaryň pikirine görä, ýadygärligiň binýadyndaky medeni gatlak has gadymy döwre — biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllyga degişlidir. Taryhçylar şeýle-de Paryzdepäniň iri ýaşaýyş mesgeni hökmünde Parfiýa döwleti eýýamynda kemala gelendigi hem-de bu döwletiň paýtagty Nusaý bilen ýakyn arabaglanyşygynyň bolandygy baradaky çaklamany öňe sürýärler... 

Her taryhy eýýamyň wagtyň ruhuny, amala aşyrylan beýik işleri hem-de adamlaryň maksatlaryny şöhlelendirýän nyşanlary bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşany, döwürleriň janly arabaglanyşygyny, Watanymyzyň geçmişini, häzirki döwrüni we geljegini özünde jemleýän, keşbi Aziada—2017-niň nyşanynda şekillendirilen ahalteke bedewi bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp ahalteke bedewlerini görmek üçin wagt tapyp, atçylyk toplumyna gelmegine hem-de türkmen halylary barada kitabyň üstünde işlemegine, halkymyzyň mukaddes däp-dessurlarynyň, ýagşy umyt-arzuwlarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň alamaty hökmünde garamak bolar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan 2016-njy ýylda hem ähli türkmen halky öz Lideri bilen döwletiň we jemgyýetiň hemme ulgamlarynda täze üstünliklere tarap öňe barýar.

 

 

25.05.2016.                                                                                                                                                                                                                           Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi