Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

 

 

 

 

 

 

 

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

...Milli Liderimiz welosipedde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar hem-de olar bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapýar.

 

 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp, athanada Garlawaç atly mele bedewiň ýanyna geldi.

Milli atşynaslyk ýörelgelerinde bolşy ýaly, halkara derejede-de mele bedewler uly hormatdan peýdalanýar. Görenleri haýrana goýýan altyn öwüşginli mele reňk diňe ahalteke bedewlerine mahsusdyr.

Hormatly Prezidentimiz athananyň gapysyny açyp, bedewe kelleki dakdy. Döwlet Baştutanymyz onuň beden gurluşyny synlap, milli seýisçilik däplerine laýyklykda biraz salym oňa ideg etdi, soňra bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar.

Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň, halk seçgiçileriniň öz kärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.

Häzirki döwürde at seýislemegiň milli ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligi, paýhasy hem-de özboluşlylygy dünýä atşynaslaryny özüne bendi edýär.

Seýisçilik usullaryndan kämil baş çykarýan we çapyksuwarlygyň inçe syrlaryny ele alan, çapyşyklarda ýokary netijeleri görkezýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedewleri gezdirmek olary seýislemegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, aty çapuwa goýbermezden ozal, bu kadanyň ýerine ýetirilmegi möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini nygtaýar.

Türkmen seýisleri we atşynaslary behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny saklamak, ady rowaýata öwrülen atlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bolan bedewleri kemala getiripdirler hem-de olaryň arassa ganlylygyny saklap, nesilden-nesle geçiripdirler.

Häzirki döwürde Diýarymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen halkynyň milli buýsanjy ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler ýaýbaňlandyryldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir atçylyk pudagynyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň tutuş nesliniň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemeli.

Bedewli gezelençden soň, döwlet Baştutanymyz ony athana getirdi, onuň kellekisini aýyrdy we bedewiň öňüne ot dökdi. Soňra bolsa Garlawajy arassa suwa ýakdy. Milli Liderimiz ýörite dürüşde taýýarlap, bedewi iýmledi. Edilýän idege hoşallygyň nyşany hökmünde üşükli Garlawaç öz eýesine başyny atdy.

Taryhyň dowamynda bedewlere ideg etmegiň kämil nusgasyny kemala getiren türkmen seýisleriniň atşynaslyk işi häzirki wagtda ylmy esasda ösdürilýär. Şonda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we täzeçil usullar giňden peýdalanylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işler özüniň ajaýyp miwesini berýär.

Mähriban halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren hem-de kemala getiren şöhratly ahalteke bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr. Bu gün milli atçylygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän netijeli usullaryň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini görkezýär.

 
 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün

29.07.2020