Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi - Ginnesiň rekordlar kitabynda!

Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi - Ginnesiň rekordlar kitabynda!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi. Ol nobatdaky gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, hemmelerden çalt geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy!

Ajaýyp Akhan çarpaýa galyp, bu aralygy 4,19 sekuntda geçdi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň artykmaçlyklarynyň, onuň köp asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri we atşynaslary tarapyndan döredilen ajaýyp aýratynlyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bu rekord görkeziji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atçylygyň ajaýyp däplerini gaýtadan dikeltmek, bu pudagy dünýä derejesine çykarmak boýunça alyp barýan ägirt uly işleriniň netijeli häsiýete eýediginiň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi.

Ahalteke bedewleriniň tohumyny aýawly saklamak we olaryň şan-şöhratyny has-da artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň hyzmatlary çäksizdir. Häzirki döwürde Türkmenistan tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezýärler.

Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir.

Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Milli Liderimiz özüniň boş wagtyny olara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby hem bedewleriň türkmenleriň durmuşyndaky ornuna düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu ajaýyp eseriň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi netijesinde dürli ýurtlaryň okyjylary tutuş adamzadyň bu bahasyna ýetip bolmajak mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we aýawly saklamak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler hem “Ganatly bedewler” atly neşiriň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

...Şu gün Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emini Şeýda Subaşi — Gemijiniň gatnaşmagynda bedewleriň görkezme çykyşy guraldy.

Bu tomaşa ajaýyplygy bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, çünki onda behişdi bedewleriň owadanlygy hem-de syrdamlygy öz beýanyny tapdy. Bularyň ählisi seýisleriň yhlasly işiniň netijesidir. Akhan atly bedew bu dabaranyň “ýyldyzyna” öwrüldi. Ol iň gowy netijäni görkezip, dünýä rekordyny goýdy. Munuň özi Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili tarapyndan bellige alyndy.

Akhanyň görkezen ýokary netijesi tötänden däldir. Çünki ony hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi seýisleýär. Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatyny oňat bilýän döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň hüý-häsiýetlerine beletdir. Bedewler hem wepadarlyk we yhlaslylyk bilen jogap berýärler.

Milli Liderimiz işden boş wagtlary ahalteke bedewleriň arasyna baryp, olar bilen didarlaşýar, bedewlerini seýisleýär. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň ady rowaýata öwrülen seýisleriniň usullaryny, ata ideg etmegiň aýratynlyklaryny kemsiz ele alyp, şol gadymy ýörelgeleri özüniň toplan tejribesi bilen utgaşdyrýar we at seýislemegiň täsin usulyny peýdalanýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň seýislän bedewleriniň şöhrat eýesi bolmagynyň baş şertini emele getirýär.

Iň esasysy bolsa, milli Liderimiz bedewlere bolan söýgüsi bilen birlikde öz bilimini, başarnygyny hem-de parasatlylygyny ogluna we agtygyna geçirip, şöhratly halypaçylyk hem-de dowamatlylyk däplerini dowam etdirýär. Şunuň netijesinde köpöwüşginli türkmen medeniýetiniň gymmatlyklary aýawly saklanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimguly ýetginjek çapyksuwarlaryň ýaryşlarynda hem öz ussatlygyny görkezdi we soňra atlary seýislemek bilen meşgullanyp başlady. Bedewleri seýislemek babatda atasynyň ajaýyp mekdebini geçmek bilen, Kerimgulynyň özi hem atlary seýislemegiň inçe tilsimlerini ele aldy. Mysal üçin, ol Miras atly bedewi ýaryşlara taýýarlady. Milli Liderimiz şol bedew bilen halypa çapyksuwarlaryň ýaryşynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, atadan ogla hem-de agtyga, uly nesillerden kiçilere gadymdan gelýän ajaýyp däpler geçirilýär. Diňe şeýle ýol bilen gadymy däp-dessurlar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nusgalyk görelde bolýar. Şoňa görä-de, döwürleriň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan türkmen atçylygy häzirki günde rowaçlanýar. Atçylyk bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar.

Biziň atçylarymyza geljekde uly ýeňişleriň garaşýandygy şu günki ajaýyp waka hem şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, bu görnüşdäki rekord ýaryşlary dört ýaşdan kiçi bolmadyk bedewleriň arasynda guralýar. Täze rekord goýmaga girişilmezden ozal, weterinar hünärmen bedewi degişli barlagdan geçirýär we onuň taýýarlygy kesgitlenýär. Bu aralygy çarpaýa galyp, geçýän bedewlere daşyndan hiç hili kömek-goldaw berilmeýär, olara daşyndan hiç hili täsir ýetirilmeýär. Badalga berlen bedewler özbaşdak hereket edip, bellenilen aralygy ýokary tizlikde geçmeli.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan Akhanyň gazanan üstünligi türkmen bedewiniň abraýyny bir gez belende galdyrdy, onuň şan-şöhratyny has-da artdyrdy. Meşhur atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dikeldilýär.

Akhanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçirilen dabara güneşli Diýarymyzda şöhratly we ajaýyp wakalaryň çäksizdiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu bedewiň görkezijisi bäsleşigiň şu görnüşinde dünýäde iň gowy görkeziş hökmünde bellige alyndy we degişli sertifikat bilen tassyklanyldy.

Bu şanly wakanyň halkymyzyň öz Lideriniň doglan gününi belleýän gününde bolup geçýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Raýatlarymyz döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de asylly başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasyna jogap hökmünde Akhanyň şeýle ajaýyp sowgady tutuş türkmen halkyna hem sowgat bolup, ahalteke bedewlerimize bolan buýsanjyny has-da belende galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz bolsa kämillige hem-de şan-şöhrata täze sepgitlerine tarap giň ýol açdy.
 
Elekton gazety "Altyn Asyr"
29.06.2018