Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi

Türkmen bedewiniň ählihalk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi boldy. Nobatdaky mejlis kaşaň «Ýyldyz myhmanhanasynda geçirildi. Mejlise Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 20 ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ABŞ, Kanada, Urugwaý, Germaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Hytaý, Mongoliýa, Eýran, Russiýa, Özbegistan we beýleki döwletlerden gelen myhmanlar bar. 

Mälim bolşy ýaly, bu assosiasiýa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylyň awgustynda döredildi. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň milli guwanjy, umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-känine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny saklap, onuň dünýä meşhur şöhratyny has-da artdyrmakdan, daşary ýurtlaryň ahalteke atçylyk assosiasiýalaryny bir gurama birleşdirmekden ybaratdyr. 

Assosiasiýanyň işi atçylygy ösdürmekde hünärmenleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döretmäge we özara bähbitli tejribe alyşmaga, dünýäde behişdi bedewleri giňden wagyz etmäge, birinji nobatda bolsa, dünýä medeniýetiniň ajaýyp gudraty hökmünde ahalteke bedewleriniň tohumyny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bularyň hemmesi rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň hakyky janköýeri, ussat atşynas, assosiasiýanyň Prezidenti, Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. 

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagyny ruhubelentlik bilen üns berip diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda köp asyrlaryň dowamynda meşhur ahalteke bedewleriniň şöhratynyň äleme dolandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde, behişdi bedewleriň at-owazasynyň täze belentliklere göterilýändigi bellenilýär. Assosiasiýanyň mejlislerine her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşýarlar. Daşary ýurtlardan we Türkmenistandan assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirýän edara görnüşli hem-de şahsy taraplaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa dünýä halklarynyň behişdi bedewlerimize bolan söýgisiniň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz halkara forumynyň atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna uly ýardam etjekdigine ynam bildirip, mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

Mejlisiň gün tertibine assosiasiýanyň işleriniň netijeleri, onuň işiniň wajyp meseleleri hem-de geljegi göz öňünde tutmak bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasy girizildi. Şunuň bilen baglylykda, däbe öwrülen hyzmatdaşlyga täze gyzyklanmalary girizip, ony anyk mazmun bilen baýlaşdyrýan, meşhur behişdi bedewleriň muşdaklarynyň we hünärmenleriň arasynda netijeli gatnaşyklary güýçlendirmäge hem-de çägini giňeltmäge ýardam berýän her ýyl geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaýar. 

Urugwaýyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Guillermo Lokhartyň, Şwesiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Jessika Eýle keýtiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň bölüm müdiri hanym Žan Munuň hem-de beýleki foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ady rowaýata öwrülen ahalteke atlaryna, türkmen atşynaslarynyň tejribesine we ýeten derejelerine dünýäniň dürli ýurtlarynyň barha ösýän gyzyklanmalary ýene bir gezek tassyklandy. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň atçylyk boýunça gadymdan gelýän däplerini dikeltmek hem-de dowam etmek, tohumçylyk-seçgi işlerini ösdürmek we kämilleşdirmek, naýbaşy ahalteke bedewlerini saklamak we köpeltmek işlerine ägirt uly goşant goşýanlygy aýratyn nygtaldy. 

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň başlangyjy boýunça, 2016-njy ýyl ýurdumyzda «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi milli Liderimiz tarapyndan türkmen halkynyň ajaýyp taryhy-medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamaga örän uly üns berýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Bu gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi bolsa ahalteke bedewleridir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudakda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty atçylygyň netijeli ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmäge, ilkinji nobatda bolsa, ahalteke atlarynyň tohumyny dünýä medeniýetiniň ajaýyp gudraty hökmünde aýawly saklamaga gönükdirilendir. Ahalteke bedewiniň seýrek duş gelýän gymmatly häsiýetleri we özboluşly aýratynlygy ençeme asyryň dowamynda bir durkuny saklap geldi. Munuň özi tebigy we geografik ýagdaýlar bilen hem-de şeýle kämil bedewi ösdürip ýetişdirmegi başaran türkmen halkynyň özboluşlylygy bilen şertlendirilip, diňe bir taryhçylaryň däl-de, eýsem, atşynas hünärmenleriň, seçgiçi alymlaryň örän dykgatly üns bermegine mynasypdyr. 

Häzir Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de gözegçiliginde milli atşynaslyk däplerini dikeltmek, ahalteke atlarynyň tohumyny, genofonduny saklamak we kämilleşdirmek üçin seçgi-tohumçylyk işleriniň geçirilmegi, atçylyk sportunyň ösdürilmegi boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Şu maksat bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ähli welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Türkmen bedewiniň bu baýramçylygyna gabatlanyp, täze desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy bolar. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözelligiň hem-de owadanlygyň nusgasy bolan behişdi bedewleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen atşynaslarynyň we türkmen çapyksuwarlarynyň, dünýä derejesinde gazanan ajaýyp üstünlikleri netijesinde şah-şöhraty has hem artýar. 

Lonşan aýlawynda geçirilen “Ark de Triumf — 2012” Parižiň Gran-pri at çapyşyklarynda türkmenistanly çapyksuwaryň gazanan netijesi muňa şaýatlyk edýär. Daşary ýurtlarda meşhur “Galkynyş” we “Türkmen jigitleri” milli at üstündäki oýunlar toparlary hem uly üstünlik bilen çykyş edýärler. Olar Russiýada (2013), Italiýada (2014), Hytaýda (2015) halkara Gran-pri sirk festiwallarynda ýeňiş gazandylar. 

2014-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisiniň Hytaý Halk Respublikasynda geçirilmegini şanly wakalaryň hatarynda agzamak bolar. Şonda HHR-niň paýtagty Pekin şäherinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ahalteke bedewiniň medeni seýilgähiniň düýbi tutuldy. Munuň özi ahalteke bedewine bütindünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygy hökmünde ählumumy gyzyklanmanyň özboluşly şaýatnamasy boldy. Şunuň bilen bir hatarda, Germaniýada geçirilen “Spoga Horse Spring” we “EKWITANA” halkara atçylyk sport sergilerine, Belgiýada geçirilen şunuň ýaly gözden geçirilişe Türkmenistanyň üstünlikli gatnaşandygyny görkezmek bolar. 

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atçylyk sportunyň görnüşleriniň biri bolan konkuryň goşulmagy gönüden-göni milli atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijesidir. 

Döwlet Baştutanymyzyň dünýä atçylyk sungatynyň naýbaşysy ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan birnäçe kitaplary eýýäm çapdan çykdy. Bu kitaplar dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, atşynaslaryň arasynda ägirt uly meşhurlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiziň neşir edilen eserleriniň üsti bilen diňe bir daşary ýurtlardaky köpsanly ahalteke bedewleriniň muşdaklary däl-de, eýsem, ýönekeý okyjylar hem bu ajaýyp bedewiň aýratynlyklary bilen tanşyp bilerler. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize biziň ýurdumyza gelip görmäge hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine we Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. 

Mejlise gatnaşanlar onuň jemini jemläp, bu duşuşygyň ahalteke atçylyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we tejribe alyşmagy mundan beýläk hem ösdürmäge, owadanlygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy boýunça deňsiz-taýsyz behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. 

Mejlis tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalyna bardylar. Şu gün bu ýerde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahat açyldy.

 

 

22.04.2016.                                                                                                                                                                                  Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi