Berdymuhamedow Prezident Akhal-Teke atçylyk toplumyna baryp gördi-Wideo

Berdymuhamedow Prezident Akhal-Teke atçylyk toplumyna baryp gördi-Wideo

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine baryp gördi.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady.

Durmuş ulgamynda tagallalaryň jemlenilmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Saglygyň ýokary döredijilik işjeňliginiň, zähmete ukyplylygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy bolup durýandygy sebäpli, her bir ynsanyň saglygynyň diňe bir onuň özi babatda däl-de, eýsem, jemgyýetçilik gymmatlygyny döredýändigi baradaky pikirden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk hem-de sport desgalaryny özünde jemleýän degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlady.

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin hemme şertler döredildi, şol bir wagtda-da, atçylyk sporty ýaly däp bolan görnüşleri hem saklanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, at münmegiň türkmen däplerini öňe ilerletmek boýunça deňsiz-taýsyz çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewleriň arassa ganly tohum atlaryny köpeltmek, olaryň beden gurluşyny hem-de iň oňat sport häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyratym atly bedew bilen didarlaşyp, türgenleşik üçin ony maneže alyp çykdy. Gyratym dürli buýruklary taýýarlyk bilen ýerine ýetirip, görkezilen her bir yşaraty duýgurlyk bilen kabul etdi. Ynsan bilen atyň arasyndaky gatnaşykda esasy zat ynamdyr.

 

 

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

 

 

Ahalteke bedewleri, bu owadan, duýgur hem-de ýeterlik derejede akylly atlar özlerine bolan oňat garaýşa, berilýän ünse we alada tüýs ýürekden mähirlilik bilen jogap berýär. Şol hem olary terbiýelemekde we taýýarlamakda üstünligiň girewine öwrülýär. At çapmak sungaty bolsa, bu çylşyrymly tilsimleri diňe bir ussatlyk bilen ýerine ýetirmek däl, munuň özi, ilkinji nobatda, ynsanyň we bedewiň sazlaşykly gatnaşygydyr, ylalaşykly hereketleridir. Şunuň ýaly gatnaşyklarda çapyksuwar hem-de bedew umumy bir görwä öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri baradaky kitaplarynda milli atşynaslygyň taryhy we däpleri barada ençeme gyzykly maglumatlary getirýär. Ata-babalarymyzyň atşynaslyk tejribesiniň nesilden-nesle geçmegi we kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi barada uly alada edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow behişdi bedewleriň özüniň buýsanjy, milli gymmatlyk hökmündäki dabarasy bilen dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny belleýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokary götermäge aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda ýurdumyz ahalteke atçylygyny ösdürmäge degişli meseleleri çözmek boýunça halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Atlaryň ahalteke tohumynyň köpeldilmegi bilen meşgullanýan daşary ýurtlaryň iri guramalary, belli atşynaslar, bu pudagyň hünärmenleri ady rowaýata öwrülen bedewleriň gadymy watanyna gelýärler hem-de bu tohum atlaryny köpeltmek, onuň arassalygyny saklamak we olary dünýäde wagyz etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Ahalteke bedewi gadymy döwürde türkmenleriň ykbalynda möhüm orun eýeläp, milli we dünýä medeniýetiniň özboluşlylygy bolmak bilen, häzirki döwürde-de, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp tumary, halkymyzyň hasyl bolan arzuwynyň keşbi, ösüşe we rowaçlyga tarap ymtylyşyň nyşany bolmagynda galýar.

Türkmenleriň däp bolan durmuşy aýratyn many-mazmun bilen berkidilip, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigat bilen göreşmegi ýa-da ony ýeňmegi aňlatman, onuň bilen utgaşmakdan, daşarky we içki dünýä bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy. Adam tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşykly hasaplanylýar. Şunuň ýaly garaýyş we düşünje biziň ata-babalarymyza tebigat bilen sazlaşyklylykda, ahalteke bedewi ýaly ajaýyplygy döretmäge mümkinçilik berdi.

Sazlaşyklyk utgaşma häsiýetleriniň biridir. Bu bolsa at üçin dogry sazlaşygy tapmakda hem-de ony saklamakda möhüm bolşy ýaly, çapyksuwara-da çapuwda barýarka deňagramlylygyny saklamakda zerur bolşy ýaly wajypdyr. Eger sazlaşyklyk bolmasa, güýç hem, tutanýerlilik hem atyň üstünde we durmuşda saklanmaga kömek bermez. Bu halk pähimi atlary terbiýeläp ýetişdirmegiň düzgünlerinde-de berkidildi. Çünki türkmenler bedewleri türgenleşdirmän, mähirlilik, päk niýetlilik we dostanalyk arkaly çaga ýaly terbiýeleýärler.

Ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanydyr. Ol ýokary ruhy göterilişiň, ýurdumyzyň ynamly gadamlarynyň, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Diýarymyzyň gazananlarynyň hem-de beýik işleriniň güýjüni özünde jemleýär.

Wideo

 
 
turkmenhabar.com
07.04.2020