BJABD maksady

BJABD maksady

„AHALTEKE BEDEWINIŇ DOSTLARY“

BOLGAR JEMGYÝETI

 

 

 

„Ahalteke bedewiniň dostlary“ Bolgar Jemgyýeti  - Bolgar-Türkmenistan Söwda-Senagat Palatasy tarapyndan, bu gadymy we dünýä meşhur bedewe bolan ägirt uly gyzyklanma esasynda döredildi.

 

Bu jemgyýet – hökümete degişli bolmadyk, garaşsyz, meýletin, dini ýa-da syýasy bolmadyk, köpçülik esasynda gurlan açyk görnüşli jemgyýetdir. Jemgyýetiň alyp barýan işleri onuň resmi düzgünnamasy esasynda, döwlet kanunlary we Bolgariýa Respublikasy bilen baglanyşylan halkara şertnamalar esasynda düzülýär.

 

„Ahalteke bedewiniň dostlary“ Bolgar Jemgyýetiniň esasy maksatlary – bu seýrek duş gelýän ajaýyp, ýeke-täk at tohumy bolan, Ahalteke ady bilen meşhur bolan at tohumynyň abraýyny, şanyny has-da ýokary galdyrmak, dünýä tanatmak, şeýle hem, ony bolgar we dünýä atşynaslaryna we at söýüjilerine tanyşdyrmak baradaky jogapkärçiligi almakdyr.

 

Esasy maksatlara ýetmek üçin Jemgyýetiň alyp barýan işleri:

 

- Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň aýny şekilli jemgyýetleri, döwlet edaralary, guramalary bilen göni aragatnaşyk ýollaryny düzmek. At çapyşyk, atçylyk-syýahatçylyk pudaklarynda halkara aragatnaşyklary we gyzyklanmalary, dürli çäreleri alyp barmak;

 

- Türkmenistanyň we Bolgariýanyň özara hyzmatdaşlygynyň ösüşini goldamak maksady bilen dürli çäreleri alyp barýan hususy we döwlet guramalary bilen göni aragatnaşyklary gurmak we özara dialoga goldaw bermek. Ýerli we merkezi edaralara bu aragatnaşyklary durnukly düzgünleşdirmek barada maslahatlary teklip etmek;

 

- Ahalteke bedewlerini dünýä has-da tanatmakda uly rol oýnaýan, atlaryň howpsyzlyk ätiýaçlandyrmasy, umumy ýagdaýy, saglygy, weterinar talaplary, tehniki standartlary, atçylyk merkezlerine şahadatnama bermek we derejelendirmek, Bolgariýada atçylyk sportyny we syýahatçylygy has-da ösdürmek baradaky döwlet kanunlaryna we düzgünnamalaryna üýtgeşiklikler girizmek baradaky pikirleri we maslahatlary teklip etmek;

 

- Ahalteke bedewine bagyşlanan halkara çärelere we Türkmenistanda her ýyl uly dabara bilen bellenýän „Bedew baýramyna“ gatnaşmak we ol çärelerde çykyş etmek;

 

- Dabaralary, seminarlary, konferensiýalary, duşuşyklary, ýygnaklary, kitap tanyşdyrmalaryny, forumlary, festiwallary, sergileri we leksiýalary gurnamak;

 

- Ahalteke bedewi barada maglumatlary ýygnamak we jemlemek: Bolgariýadaky we beýleki daşary ýurtlardaky atçylyk toparlary, satuw atlary, barlag işleri we.ş.m baradaky maglumatlary Jemgyýetiň agzalaryna habar bermek we köpçülikleýin metbugata ýetirmek.

 

- Jemgyýetiň agzalarynyň gyzyklanmalaryny goramak we goldamak üçin aýny şekilli jemgyýetleri, edaralary, döwlet we köpçülikleýin guramalary bilen bilelikde ösmek.