Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde

Türkmen türgenleri Aziada-2017-ä işjeň taýýarlyk görýarler. Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň binýadynda hem türgenleşik işleri alnyp barylýar. Bu ýerdäki üsti ýapyk manežde ýurdumyzyň tälimçileriniň we daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda güýçli türkmen konkurçylar topary üçin günde iki sapar türgenleşik işleri geçirilýär.

Ýaş türkmen çapyksuwarlarynyň 15-sini eýýäm ýarym ýyldan gowrak wagt bäri konkur boýunça hünärmen, geçmişde atçylyk sportunyň bu görünüşi boýunça ýaryşlara gatnaşyjy Katarina Ýakob türgenleşdirýär. Insbruk uniwersitetiniň “atly sport” hünäri boýunça uçurymy Katarina ahalteke bedewleriniň çyn janköýeridir we dokuz sany ahalteke atlarynyň eýesidir, ol bu bedewleri konkur, baş öwretmek we üç görnüşli ýaryş boýunça türgenleşdirýär. Onuň ösdürip ýetişdirýän bedewleri baýrakly orunlary eýelemek bilen, Germaniýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda geçirilen bäsleşiklere gatnaşdylar. Ýakyn wagtdan bäri Katarina Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň hemişelik myhmany. Ol 2010-njy ýylda türkmen türgenlerini ýokary derejelerde geçirilýän ýaryşlara taýýarlamak işlerine goşulyşdy.

Konkur sportuň aýratyn görnüşi bolup, onda atlaryň berk beden gurluşlylary, bökmäge ýokary tehnikasy, tälim almaga ukyply bolan we ýuwaş gylykly görnüşleri saýlanyp alynýar. “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň we Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň hünärmenleri konkur bilen türgenlelşdirmek üçin atlaryň ondan gowragyny saýlap aldylar.

- Konkur – sportuň iň owadan görnüşleriniň biri. Sportuň bu görnüşinde çakyksuwaryň we atyň bir bolmagy möhüm bolup durýar. Konkur üçin atlar ortaça dört ýyllap taýýarlanylýar. Biziň ygtyýarymyzda bolsa bary-ýogy iki ýarym ýyldan gowrak wagt galdy. Şu döwrüň içinde biz atlarda çapyksuwarlar bilen tehniki endiklerini berkitmek üçin örän uly işi ýerine ýetirmeli – diýip, nemes tälimçisi gürrüň berýär. – Türkmen türgenleri çalt özleşdirýärler. Şonuň üçin hem biz Aziadanyň başlyna çenli gowy derejede çykyş etmäge ukyply professional topary taýýarlamagy maksat edinýäris. Häzir oglanlardan haýsydyr birini saýlap almak kyn, olar esasy düzüme düşmäge çalyşyp, güýçli türgenleşýärler – diýip, Katarina Ýakob belleýär.

Türgenleriň ählisi – Türkmenistanda indi köp ýyllardan bäri geçirilip gelinýän konkur boýunça ýaryşlara birnäçe gezek gatnaşan türgenler. Faina Zaripowa dokuz ýyldan gowrak wagt bäri – 2006-njy ýyldan bäri konkur bilen meşgullanyp gelýär. Özüniň 26 ýaşynyň dowamynda ol sportuň bu görnüşi boýunça milli ýaryşlarda birnäçe gezek gatnaşan we ýeňijisi. Ol döredilen toparda ýeke-täk gyzdyr, ýaryşlaryň reglamenti boýunça konkur boýunça diňe olaryň dördüsi türkmen ýygyndysynyň düzümini düzer.
 


Ýaş türgenleriň biri hem – Nikolaý Beglerýandyr. Ol ýigrimi ýaşynda, onuň bäş ýylyny bolsa, özüniň boş wagtlaryny türgenleşiklere bagyşlap, edil aýlawda “ýaşady” diýen ýaly. Onuň Gerçek atly bedewi sekiz ýaşynda, ol örän akyly we dostuna wepaly, Nikolaýyň tassyklamagy bolýunça onuň bilen işleşmek örän ýeňil.

Tälimçi Durdymyrat Kanaýew konkurçy, sport ussady, atly sport bilen onlarça ýyl türgenleşip gelýär. Türgenleşik işleri hökmany maşyklary, atlary gezdirmegi, çapyksuwaryň we atyň sazlaşykly hereketleri boýunça sapaklary öz içine alýar. Şeýlelik bilen ussatlyk kämilleşdirilýär. Gazanylan üstünlik şol bir maşyklary uzak wagtlap gaýtalamak bilen berkidilýär.

Biziň ýurdumyzda däp bolan at çapyşyklary bilen deňeşdirilende, konkura birnçä ýyl mundan ozal hem o diýen bir üns berilmeýärdi. Ýöne soňky ýyllarda atly sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma epesli derejede ösdi, örän gowy häzirki zaman infrastrukturasy emele geldi. Sportuň talabyna laýyklykda Aziada-2017-niň geçirilýän ýeri bolan ýurdy ýokary gazanylanlar we örän uly höwes bilen mynasyp görkezmeli.

 

 

01.04.2016.                                                                                                                                                                                           Ýelena DOLGOWA,
                                                                                                                                                                                                          fotosuraty awtoryňky