Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi

 

 

 

 

 

 

 

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi.

Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde dürli aralyklarda öz ýyndamlygyny we tizligini görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine baýraklar goýuldy — 6 baýragyň her biri 15 müň amerikan dollary bolup, olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň adyndan hem-de baş baýrak — 30 müň dollar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan goýuldy. Şeýlelikde, baýraklaryň umumy möçberi 120 müň dollar bolup, olar her çapyşyga gatnaşýan 12 çapyksuwaryň içinden diňe ýeňiji bolanlaryň arasynda paýlanar. Şeýlelikde, baýraga dalaş edýänleriň jemi sany 84 çapyksuwardan ybaratdyr.

 

Birinji çapyşyga üçýaşar bedewler gatnaşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kararym diýen aty geçdi, ony çapyksuwar N.Agamyradow çapdy. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 48 sekuntda geçdi.

Ikinji çapyşyk hem 1600 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryşda iň oňat wagty çapyksuwar D.Berdimämmedowyň çapan, Içeri işler ministrligine degişli bolan Gyrbedew diýen aty görkezdi. Ol bu aralygy 1 minut 42,2 sekuntda geçmegi başardy.

Üçünji çapyşykda bedewler 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup B.Babaýewiň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen diýen aty geçdi. Ol bu aralygy 2 minut 02,6 sekuntda geçdi.

 

 

 

 

Ilkinji iki çapyşyklardaky ýaly, üçýaşar bedewleriň gatnaşan dördünji çapyşygy 2200 metr aralyga geçirildi. Pellehana ilkinji bolup çapyksuwar R. Abdyýewiň çapan, Türkmenistanyň Atly sport federasiýasynyň Dorhan diýen aty geldi. Ol bu aralygy 2 minut 27,1 sekuntda geçdi.

Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşmagynda bäşinji çapyşykda (2200 metr aralyk) ilkinji üç baýrakly orunlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewleri eýelediler. 2 minut 30,7 sekunt netije görkezip, Goşasakar diýen at pellehanadan ilkinji geçdi. Bedewi çapan çapyksuwar N.Annamyradow.

 

 
 
На праздничных скачках в Ашхабаде разыграли главный приз Президента  Туркменистана | Общество
 
 

Altynjy çapyşyga hem (2400 metr aralyk) dörtýaşar we uly bedewler gatnaşdylar. Bu ýaryşda Adalat ministrliginiň Syrdaşym diýen aty birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B. Berkeliýewiň çapan bu aty bellenen aralygy 2 minut 38,3 sekuntda geçmegi başardy.

Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşan jemleýji çapyşygy 2400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan baş baýragy almak ugrunda ýaýbaňlandy. Dartgynly we özüne çekiji bu çapyşykda Dorgunan diýen bedew pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 2 minut 49 sekunt wagt görkezdi. 

 

  turkmenportal.com

28.09.2020