Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat açyldy

Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat açyldy

Paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan iri möçberli çäreleriň çäklerinde nobatdaky Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de VIII halkara ylmy maslahat açyldy. 

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen her ýyl bilelikde geçirilýän pudaklaýyn forumlaryň ýokary abraýyny oňa gatnaşyjylaryň düzümi nobatdaky gezek tassyklaýar. Olaryň arasynda dünýäniň atçylyk pudagyna wekilçilik edýän 25 döwletinden öňdebaryjy kompaniýalaryň we şereketleriň 100-den gowragy bar. 

Gatnaşyjy ýurtlaryň hatarynda Fransiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Irlandiýa, Russiýa, Ispaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Argentina, Urugwaý, Hytaý, Singapur, Çehiýa, Polşa, Bolgariýa we beýlekiler bolan atçylyk pudagynyň, atçylyk sporty we syýahatçylyk pudagynyň wekilleri dünýäde atlaryň iň meşhur tohumynyň — arassa ganly ahalteke bedewleriň watany bolan Türkmenistana hem-de pudagy ösdürmekde gadymy milli däplerini häzirki zaman ýagdaýlary we tehnologiýalary bilen utgaşdyryp, kämilleşdirmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň atçylyk jemgyýetine işjeň ýakynlaşýan ýurt hökmünde-de aýratyn gyzyklanma bildirýärler. 
 


Aşgabatdaky pudaklaýyn forum hem-de ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmegiň hemme ugurlaryny, bu ulgamda taryhy tejribäni hem-de häzirki zaman işini, halkara ylmy, işewür hem-de diňe ýokary hünär derejeli özara gatnaşyklar üçin onuň ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçiliklerini görkezýär. Ýöne aýratyn häsiýetdäki ýagdaý hökmünde atçylyk dünýäsini adamzat durmuşynyň diňe bir ulgamyna degişli etmek mümkin däl. Ol serginiň hem-de maslahatyň uly many-mazmunynda şöhlelendi. 

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlanan sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň myhmanlarynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisine we «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bar. 
 


Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr diýip nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlarynyň täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungatynyň täze belentliklere göterilýändigi barada aýdyp, yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslarynyň ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýandyklaryny aýratyn belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň tejribeli atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmek isleýän dürli kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 
 


Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly tansly çykyşlary açylyş dabarasynyň üstüni ýetirdi, açyk asmanyň astynda gurnalan aýlawly sahnada meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atlylarynyň ýerine ýetirmegindäki atçylyk sport çykyşlary onuň ajaýyp bezegine öwrüldi. Olaryň görkezen çykyşy başarjaňlygy we çylşyrymly hereketleri bolan tilsimlere ussatlyk bilen erk edişleri, çalasynlygyň täsirligi bilen hemmeleri haýran etdi. Özine çekiji şüweleň okgunlylygy, deňsiz-taýsyz gözelligi hem-de arassa ganly ahalteke atlaryň tebigy özboluşlylygy bilen tomaşaçylary bendi etdi. Bu täsin bedewler halk seçgiçiliginiň hakyky täsinligi we ýurdumyzyň milli buýsanjy bolup durýar. 

Sergi zalynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlary, şeýle hem paýtagtymyzyň iri muzeýleri we türkmen telekeçileri öz diwarlyklaryny hem-de bölümçelerini görkezdiler. Atçylyk assosiasiýalaryny we toparlaryny, ýöriteleşdirilen gurluşyk hem-de iri degişli ugurly sergi kompaniýalaryny, atçylyk üçin enjamlary we giň görnüşli önümleri öndürijileri, okuw-türgenleşik mekdeplerini we sport guramalaryny, weterinar klinikalaryny, mahabat agentliklerini, çeperçilik salonlaryny we fotostudiýalary görkezýän daşary ýurtlularyň diwarlyklary Aşgabat sergisiniň ýokary dünýä derejesindedigini äşgär etdi. 

Serginiň umumy giňişligi atçylyk sporty, tohum köpeldiliş, aýlaw işi, weterinariýa ýaly bölümleri, şeýle hem atşynaslar we çapyksuwarlar üçin harytlary — degişli esbaplary, at iýmlerini we azyklyk goşundylary, lukmançylyk enjamlary, athanalar üçin serişdeleri, atyň lybaslaryny, deri we demir önümlerini özünde jemleýär. 
 


Uly wekiliýetleriň biri — düzümine 30-a golaý kompaniýalaryň, seýisler toparlarynyň, gurluşyk firmalarynyň (“Caspian Way/ Tilke!”, Röwer & Rüb”, “Laake GmbH”), iým, ýörite enjamlary öndürijileriň wekilleri giren Germaniýadan bolan wekiliýet atçylyk fermalarynyň işi (“Kneilmann”), at sport ýaryşlary, atçylyk syýahatçylygy hem-de at çapmagy halaýanlaryň çapyşyklaryny geçirmek, şeýle hem auksionlar üçin zerur bolan önümleriň we hyzmatlaryň giň görnüşini görkezdi. Käbir hususy atçylyk kärhanalarynyň (“Alicento”) ahalteke tohumyndan bolan bedewleri edinmäge meýillidikleri bellärliklidir. Çapyksuwarlar üçin serişdeler we egin-eşikler (“Pferde Mensch”, “Equick”), athana enjamlary, bedewleri daşamak üçin awtoulaglar, atlara ideg etmek üçin serişdeler, şol sanda derman we witaminleşdirilen serişdeler (“EWV Freies”, “Sascotec”, “Sanoanimal”), modifisirlenen gaýyş eýerleri hem-de atlar üçin beýleki abzallar, goraw germewleri we ylgaw meýdançalaryna örtük düşemegiň iň täze tehnologiýalary—bular nemes hünärmenleri tarapyndan görkezilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň doly bolmadyk sanawydyr. 

Ýewropa ýurtlaryndan bolan onlarça kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna athanalaryň, atçylyk sport toplumlarynyň we aýlawlaryň, atlaryň päsgelçiliklerden geçmek boýunça bäsleşikleriniň meýdançalaryny gurmagyň taslamalaryny, seýisleriň egin-eşikleriniň täze dizaýnerçilik işläp taýýarlamalaryny, bedewleri seýislemek üçin enjamlary, at sporty üçin mümkin bolan harytlary hem-de atlar bilen baglanyşykly bolan köp sanly beýlekileri hödürlediler. 

“Belda Inşaat” türk gurluşyk firmasynyň diwarlygynda Ahal welaýatynda bina edilen täze atçylyk sport toplumynyň taslamasy bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Bu toplumyň açylyş dabarasyny geçirmek şu baýramçylyk günlerinde meýilleşdirilendir. 

Hytaýly öndürijiler ýurduň atçylyk toplumyna sergä gelenleri çagyryp, bu ýerde uly diwarlygy hödürläp, aýlawlar üçin enjamlary (ZIFA), bu pudakda ekologiýa taýdan arassa biotehnologiýalary (Changzhou Aotong Brands Management), şeýle hem at iýmlerini we çapyksuwarlar üçin bezelen lybaslary (Beijing Glover Seed&Turf) görkezdiler. Ahalteke atlary baryp Beýik ýüpek ýoly döwürlerinde ol ýerlerde uly abraýdan peýdalanypdyr. 
 


Bu ýerde şeýle hem “Cavalliera” (Wengriýa) meşhur firmanyň hem-de “Respekt Tekstil” türk firmasynyň zenan çapyksuwarlary üçin niýetlenen lybaslarynyň giň görnüşi hödürlendi. Polşanyň “Wroclaw Racecours” kompaniýasy halkara çapyşyk ýaryşlaryny guramakda hem-de auksionlary geçirmekde hyzmatlary hödürleýär. 

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli her ýyl geçirilýän bäsleşikde görkezilýän milli muzeýlerimiziň gaznasyndan we häzirki zaman eserlerden ybarat bolan ajaýyp gymmatlyklaryň hataryna milli halyçylyk we zergärçilik sungatynyň, çeper senetçiligiň ajaýyp eserleri girizilipdir. Şeýle hem bu ýerde atyň halkyň durmuşynda tutýan ornuny beýan edýän meşhur türkmen suratkeşleriniň çeken suratlaryny, bedewiň nepis we täsin sazlaşygyny ýetirmegi başarýan köp sanly heýkeltaraşlyk şekillerini görmek bolýar. 

Pudagy ösdürmegiň esasy ugurlaryny görkezýän “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bölümçeleri, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň, beýleki hünärler bilen bir hatarda çapyksuwarlary hem taýýarlaýan Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň, Döwlet neşirýat gullugynyň aýry-aýry diwarlyklary bezelişiniň özboluşlylygy bilen tapawutlandy. 
 


Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan dünýäniň ençeme ýurtlarynda meşhurlyga eýe bolan kitaplary aýratyn orun tutdy. Şeýle hem sergi oňa gatnaşyjylara ýurdumyzda atçylyk sportuny hem-de atçylyk syýahatçylygyny ösdürmek üçin nähili geljegiň açylýandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. 

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahaty işläp başlady. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 100-den gowrak alym-ippologlary, atşynaslary, taryhçylary, etnograflary hem-de Kanadadan, Urugwaýdan, Malaýziýadan, Koreýadan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Türkiýeden we beýleki ýerlerden hünärmenler gatnaşdy. 

Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen mejlisde çykyş edenler türkmen halkynyň ahalteke bedewi ýaly seçgiçilik sungatynyň şunuň ýaly iň beýik täsinligini dünýä diňe bir sowgat etmän, eýsem, bu atlaryň arassalygyny müňlerçe ýyllaryň dowamynda goramagy başaryp, olaryň ajaýyplygyny, deňsiz-taýsyz häsiýetini we genofonduny yzygiderli kämilleşdirýändigini nygtadylar. Atçylyk pudagynda toplanan tejribe, bu ulgamda täze ylmy pikirleri we açyşlary alyşmak üçin meýdança hökmünde forumy geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. 
 


Mejlis tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar işlerini bölümler boýunça dowam etdiler. “Dünýä seýisçiliginde ahalteke bedewleriniň tutýan orny” diýen bölüm Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünärmenleri ýygnady. Türkmen milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda dürli ýurtlaryň ýöriteleşdirilen atçylar toparlarynyň bilermenleri hem-de wekilleri tarapyndan “Ahalteke bedewleri halkara atçylyk sport ýaryşlarynda” diýen meselä garaldy. “Atçylyk pudagyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy” diýen bölüm boýunça duşuşyk “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda geçirildi. 

21-nji aprelde Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahat öz işini tamamlar. Bu foruma gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçiriljek beýleki dabaralara hem gatnaşarlar.

 

22.04.2016.                                                                                                                                                                    Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi, 
                                                                                                                                                                                          fotosuraty Ýuriý ŞKURINIŇKI