Amerikanyň Ahalteke Jemgyýetiniň (ATAA) goldamagy esasynda 2016 ýylyň Seýrek tohumlar festiwalynda Ahalteke bedewiniň güni gurnalar

Amerikanyň Ahalteke Jemgyýetiniň (ATAA) goldamagy esasynda 2016 ýylyň Seýrek tohumlar festiwalynda Ahalteke bedewiniň güni gurnalar

 

 

ATAA 2016-njy ýylyň Iýun aýynyň 14-16 aralygynda geçiriljek seýrek tohumlar festiwalynda Ahalteke bedewiniň gününi belleýär. Bu çäre Amerikanyň Wirdjiniýa ştatynyň Leksington atçylyk parkynda - http://www.horsecenter.org/About.aspx geçiriler.

Festiwala Ahalteke, sport Ahalteke we birnäçe beýleki klas Ahalteke bedewleri we başga atlar gatnaşarlar. ATAA klaslara bölüji eminlere jogapkär bolar, şeýle hem, şol bir wagtyň özünde Jemgyýetiň agzalary üçin 2016-njy ýylyň Umumy Maslahaty geçiriler. ATAA sergilerde ýardamçy bolar ýaly meýletinçileri, klas, çäre hemaýatkärlerini we başga ýardamçylary gözlär.

ATAA jemgyýetinde hasaba alnanmy ýa ýok, agzamy ýa ýok – tapawudy ýok, ähli sport we Ahalteke atlary çärä hoş gelerler.

Çäre barada köpräk maglumaty şu ýerde (iňlis dilinde) okap bilersiňiz - Rare Breeds Show

 

Çärä gatnaşyjylar ajaýyp wagt geçirerler!

 

 

ATAA resmi websaýtyndan alnan