Ahalteke bedewi esasy üns merkezinde:

Ahalteke bedewi esasy üns merkezinde:

Ahalteke bedewiniň taryhy, gözelligi, ajaýyp häsiýetleri barada örän köp zatlar ýazyldy we aýdyldy. Şolaryň üstüne indi hiç zat goşup bolmajak ýaly görünýär. Köp sanly neşirleri, ylmy işleri, edebi, şekillendiriş sungaty eserlerini, filmleri döredenler bu ajaýyp atlara çäksiz haýran galmalaryny özleriçe beýan etdiler.

Emma gadymy türkmen topragyna – ahalteke bedewleriniň taryhy watanyna täze döwürde gelen “behişdi bedewlere” bolan görlüp-eşidilmedik gyzyklanma täze güýç bilen galkyndy. Munuň özi hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni şahsy göreldesi we başlangyçlary esasynda Türkmenistanda milli atçylyk däplerini galkyndyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohum häsiýetlerini, neslini saklamak we gowulandyrmak boýunça tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler netijesinde şeýle boldy. Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işleriň nukdaýnazaryndan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze atçylyk sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleritniň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ähmiýetli wakalara öwrüldi.
 


Türkmenistan ahalteke bedewleriniň bilermenlerini we janköýerlerini, alymlary, ussat atçynaslary, bu ugurda hünärmenleri, çapyksuwarlary her ýyl özünde ýygnaýar. Olar Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan däp bolan dabaralara gatnaşýarlar. Köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda žurnalistler hem bar.

Ine, ýakynda Hindistan Respublikasynda neşir edilýän “Business Central Asia” žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onuň sahabyny at üstündäki çapyksuwaryň şekili düşürilen surat bezeýär. Žurnalyň sahypalarynda Türkmen bedewiniň baýramy, Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlary, ahalteke bedewlerine bagyşlanan sungat eserleri, at üstündäki milli oýunlar barada suratlar bilen bezelen maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Orta we Günorta Aziýa hem-de Orta Gündogar sebitleriniň ýurtlarynda ýaýradylýan bu işewür žurnalyň giriş makalasynda häzirki zaman Türkmenistan barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ahalteke bedewleri baradaky kitaby, türkmenleriň gadymy atçylyk däpleri we pudagyň häzirki zaman düzümi, bedewler üçin şaý-sep bezegleri barada gürrüň berilýär. Ahalteke bedewiniň türkmen heýkeltaraşlyk sungatyndaky keşbine aýratyn makala bagyşlanýar. Katarina Jeýkobyň “Ahalteke atlarynyň gudraty” atly gyzykly makalasynda bedewler bilen gatnaşygyň adam saglygyna bejerijilik täsiri barada gürrüň berilýär.
 


Atlar boýunça kanadaly hünärmen Kerri-Jo Stýuart žurnalyň sahypalarynda Türkmen bedewiniň baýramy barada jikme-jik beýan edilen reportažyny berýär. Ondaky fotosuratlar baýramçylygyň hemme wakalaryny aýdyň beýan edýär. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisi, I halkara pudaklaýyn sergi – ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty” atly V halkara ylmy maslahaty, daşary ýurtly çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda bedewleriň uzak aralyga we päsgelçilikden geçmek boýunça ýaryşlary, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, baýramçylyga bagyşlanan uly döredijilik gözden geçirilişi we elbetde, däp bolan çapyşyklar bar.

Şu mowzuga “TIKA DÜNÝÄSI” žurnalynyň nobatdaky sanynyň makalalary hem bagyşlanypdyr. Onuň sahabynda ahalteke bedewiniň çarpaýa galyp duran görnüşi şekillendirilipdir. “3000 ýyla uzaýan taryh: ahalteke bedewleri” atly makalada dünýäniň ähli atçylygyna täsirini ýetiren türkmen atçylygynyň täsin, gadymy däpleri barada gürrüň berilýär. Bu däpler häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär hem-de düýpli binýada eýe boldy. Žurnaldaky beýleki makalalar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara, ahalteke atçylyk pudagyndaky bilelikdäki taslamalara, şol sanda türkmen bedewleriniň neslini öwrenmek babatdaky işlere bagyşlanypdyr.

Türkiýede şeýle hem meşhur çapyksuwarlar toparlary, atşynaslyk we atçylyk sport guramalary tarapyndan atlara bagyşlanan ýöriteleşdirilen neşirleriň ençemesi çap edilýär. Olaryň arasynda öz sanlarynda türkmen atlary barada birnäçe makalalary ýerleşdiren “TJKNIN SESI” atly žurnal bar. Şol makalalaryň biri “Geliň, ahalteke bedewleri bilen tanşalyň” diýlip atlandyrylyp, türkmen topragynda bu tohum atlaryň döreýşiniň we ösüşiniň taryhyna gysgaça nazar aýlanýar. Şeýle hem onda dünýäniň ähli saýlama tohumlarynyň gözbaşy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriň beden gurluşynyň häsiýetli aýratynlyklary hem-de olaryň häsiýetleri beýan edilýär.
 


Beýleki bir makalada Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramçylygy barada gürrüň berilýär. Neşirde bellenip geçilişi ýaly, şol baýramçylyk dabaralaryna onlarça ýurtlardan myhmanlaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Türkiýe tarapyndan baýramçylyga azyk senagaty we maldarçylyk ministri, Türkiýäniň çapyksuwarlar toparynyň başlygy, atşynaslyk jemgyýetleriniň ýolbaşçylary, işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Makalada Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisiniň işine we forumda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyna, şeýle hem halypa çapyksuwarlaryň arasynda öz bedewinde ýeňiş gazanan türkmen Lideriniň gatnaşmagynda Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen çapyşyklara aýratyn üns berilýär.

Azyk senagaty we maldarçylyk ministri Mehmet Mehdi Eker žurnalyň okyjylary bilen baýramçylykdan galan öz täsirlerini paýlaşdy. Ol soňky ýyllarda halkara meşhurlygyna eýe bolan atlara türkmenistanlylaryň ägirt uly söýgüsini belledi.

2013-nji ýylyň apreliniň baýramçylyk wakalary Türkiýäniň beýleki bir ýöriteleşdirilen neşiri bolan “TRUVA” žurnalynyň sahypalarynda hem şöhlelendirildi. Bedewlere bagyşlanan dünýäde ýeke-täk baýramçylyk baradaky makalada şol günlerde biziň ýurdumyzyň ähli ýerlerinde “bedew” diýen sözüniň mähir, buýsanç we guwanç bilen has köp ýaňlanýandygy aýdylýar.

Öz çykyşlaryny görkezen ähli ýurtlarynda tomaşaçylary maýyl eden “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň özüne çekiji çykyşlary baýramçylygyň ähli myhmanlaryny aýratyn haýran galdyrdy. Türkmen jigitleriniň Ukrainada, Belarusda çykyşlary, şeýle hem Moskwada Bütindünýä sirk sungaty festiwalynda ilkinji gezek çykyşlary üstünlikli boldy.

Elbetde, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy Watanymyzda has meşhurlyga eýedir. Olaryň çykyşlary biziň ýurdumyzyň daşary ýurtly myhmanlarynyň arasynda hakyky täsir döredip, ähli milli baýramçylyklara gözellik, özboluşly milli öwüşgin çaýýar. Tomaşaçylar hemişe “behişdi bedewleriň” hakyky gözelligine we okgunlylygyna haýran galýarlar, çylşyrymly çykyşlary doly derejede ýerine ýetiren türkmen jigitleriniň çakganlygy bolsa hemişe tolgundyrýar. Jigitler ahalteke bedewleriniň özüne çekiji çykyşynda at üstündäki oýunlaryň sungatynyň ähli kadalaryna ajaýyp ýagdaýda erk edip bilmegi görkezýärler.
 


Indi türkmen jigitlerine Türkiýede sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. 13-nji dekabrdan 15-nji dekabr aralygynda Ankara şäherinde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary bolar.

Syny dowam etdirmek bilen, atçylyk babatda şeýle meşhur “Teke mania” ýaly halkara žurnalynyň hem öz adyndan görnüşi ýaly, atlaryň ahalteke tohumyna dolulygyna bagyşlanandygyny belläp geçmeli. Bu babatda ähli ýurtlarda ahalteke atçylygy babatda wakalar hakynda täzelikler we habarlar meşhur atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, atçylygy öwrenijileriň makalalary hem-de interwýulary, dünýäniň iri atçylyk-sport toplumlaryndan, şol sanda Türkmenistandan reportažlar yzygiderli ýagdaýda çap edilýär.

Atlar bilen gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylaryň arasynda “Cheval pratique” atly jurnal meşhurdyr. Onuň sahypalarynda hem at dünýäsiniň öňdebaryjysy hökmünde ahalteke bedewlerine aýratyn orun berilýär. Žurnalda bu tohum atlaryň iň oňat wekilleriniň suratlary, atçylygyň we çapyksuwarlygyň tejribesi baradaky, dünýäniň ähli ýerinden hünärmenleriň artan ünsüni bu gün özüne çekýän türkmen däpleri baradaky makalalar we oçerkler çap edilýär.

Öz nobatdaky sanynda ahalteke bedewleri barada suratlar bilen bezelen makala ýerleşdiren ýene-de bir žurnal – atçylyk pudagynyň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen nemes neşiri “Pferdemarkt” žurnalydyr. Bu neşirde hem tohum atlaryny köpeltmek boýunça biziň ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn işler, türkmen bedewine bagyşlanan baýramçylyk wakalary, onuň şekillendiriş sungatyndaky keşbi şöhlelendirilýär.

Owadan suratlar bilen bezelen bu makalalaryň hemmesi dünýäniň dürli ýurtlaryndaky okyjylara ahalteke bedewiniň täsin dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmak, ýurdumyzyň ajaýyp atçylyk sport toplumlaryny, bedewleriň saýlama tohumlaryny, özüne çekiji at çapyşyklardan pursatlary, türkmen jigitleriniň çykyşlaryny görmek mümkinçiligini bagyş edýär.

Baýramçylyk dabaralarynyň, at çapyşyklarynyň we atşynaslaryň işleriniň ajaýyp pursatlaryny şöhlelendirýän makalalar we fotoreportažlar hem daşary ýurtly okyjylary atlara baş öwretmegiň we olary seýislemegiň milli däpleri, türkmen seçgiçileriniň we seýisleriniň tejribeleri, iň oňat çapyksuwarlar bilen tanyşdyrýar.

Bularyň hemmesiniň diňe bir atlaryň hakyky janköýerlerini däl, eýsem, dünýädäki şöhraty şugla saçýan ajaýyp we ynsan gylykly ahalteke bedewleriniň kämil gözelligine biparh garamaýan adamlary hem gyzyklandyrýar.

“Biz öz bedewlerimize ünsi birjik-de gowşatmarys, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymzdyr, biziň galkynyşlarymyzyň gözbaşydyr. Türkmen topragynda dünýä inen ahalteke bedewi täsin sazlaşygyň, gözelligiň, ajaýyplygyň, tebigatyň beren we ynsan zähmetiniň we paýhasynyň netijesinde kämilleşdirilen deňsiz-taýsyz okgunlylygyň nyşany bolup durýar!”

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri döwletiň hem-de türkmen halkynyň özüniň ajaýyp atlaryna garaýşynyň many-mazmunyny iň ýokary derejede şöhlelendirýär.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy