Ahalteke bedewleri milli mirasymyzdyr

Ahalteke  bedewleri  milli  mirasymyzdyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda ahalteke bedewleriniň athanasyna baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.

Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halky özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini şu ýyl Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmak we at çapmak bilen meşgullanmaga wagt tapyp, bu ýörelgäni yzygiderli dowam edýär.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň özüniň buýsanjy, milli gymmatlyk hökmündäki dabarasy bilen dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny belleýär. Türkmen halkynyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlere goşulmagy, milli atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumyndaky bedewler bilen didarlaşyp, Melehan atly bedewde çapuw ýodasyna çykyp, birsellem gezim etdi.

 

 

Gyş paslydygyna garamazdan, şu günler Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýakymly howa saklanýar. Munuň özi atly gezelenç etmek üçin amatlydyr. Döwlet Baştutanymyz atly gezelenç edip barşyna bu künjegiň tebigy aýratynlygyny, ajaýyplyklaryny synlady.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ahalteke bedewleriniň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň hatarynda aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Türkmenistanda atşynaslyk milli medeniýetini dikeltmek we ösdürmek, bu ugurda özgertmeler syýasatyny amala aşyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewler gözelligi, çeýeligi, wepalylygy hem-de ösen aňy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk toplumyna gelip, ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagyny öz milli Lideriniň baştutanlygynda täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan türkmen halkynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda ruhy dessurlarynyň we nurana arzuwlarynyň dabaralanmasy diýip atlandyrsa bolar.

 

19.01.2016 ýyl